Ýönekeý sözlemler iki hili bolýar: ýygnak ýönekeý sözlemler we ýaýraň ýönekeý sözlemler.
Diňe baş agzalardan (eýe bilen habardan) düzülen sözlemlere ýygnak ýönekeý sözlemler diýilýär.
At kişňedi. It üýrýär. Merjen okaýar. Goýun otlaýar.
Baş agzaladan başga aýyklaýjy agzalary-da bolan sözlemlere ýaýraň ýönekeý sözlemler diýilýär.
Merjen labyzly okaýar. Goýun meýdanda otlaýar.
Hemme agzalary öz içinde bolan sözleme doly sözlem diýilýär.
Gözel eje agtyklaryna gyzykly gürrüň berýär.
Käbir agzasy galdyrylan, emma onuň barlygy töwerekden duýulýan sözleme doly däl sözlem diýilýär.
Az işleseň, igenç alarsyň, ýatsaň - käýinç.
Ýokardaky sözlemiň doly görnüşi:
Az işleseň, igenç alarsyň, ýatsaň käýinç alarsyň.
Doly däl sözlemler, esasan, gepleşikde we goşma sözlemlerde köp ulanylýar.
Içinde eýesi bolan ýa-da daşynda onuň bardygy açyk bildirýän sözleme eýeli sözlem diýilýär.
Enem geldi-de, meni gujaklady.
Käbir sözlemleriň içinde eýeleri bolmaýar, emma olaryň eýeleriniň kimdigini, nämedigini şol sözlemleriň habarlarynyň formasyndan açyk aňyp bolýar.
Ertir ir gelersiň (Sen - eýesi daşyna).
Öz içinde we daşynda eýesi bolmadyk, onuň barlygyda güman edilmedik sözleme eýesiz sözlem diýilýär.
Tomusda ekskursiýa gidilýär.
Eýesiz sözlemiň habary dürli görnüşlerde bolup biler:
Täsirini geçirýän işlikleriň yzyna -yl, -il, -ul, -ül, -l goşulmalaryny goşmak bilen eýesiz sözlemiň habary ýasalýar.
Işe wagtynda barylýar.
Olluk ýöňkemede gelen atlar, iş atlary, atlaşan sözler habarlyk goşulmalaryny kabul edip ýa-da kabul etmän, eýesiz sözlemiň habary bolup bilýär.
Şol haýdalyp ýörülşi.
Eýäniň barlygy duýulýan, emma habaryň belli birini ýa bir zady görkezmeýänligi sebäpli, eýäniň kim ýa nämedigi açyk bilinmeýän sözleme eýesi näbelli sözlem diýilýär. Eýesi näbelli sözlemiň habarlary, esasan, işligiň hökmanyk formasyndan we mälim geljek zaman işliginden ýasalýar.
Fermada işlejek. Arassaçylygy saklamaly.