Türkmen dili

Baglanyşykly sözleýiş

Türkmen edebi dilinde sözleýşiň birnäçe stili bolup, olar sözleýiş stilleri diýlip atlandyrylýar. Olaryň hataryna gepleşik stili, ylmy stil, iş kagyzlary stili, publisistik stil we çeper edebiýatyň stili girýär.

  1. Gepleşik stili pikir alyşmaga hyzmat edýär, gündelik, sözleýişde gepleşiklerde we hatlarda ulanylýar. Bu stile erkinlik mahsus bolup, onuň leksikasynda neme, onsoň, ýaňky ýaly sözler köp duş gelýär.
  2. Ylmy stil habar bermäge hyzmat edip, ylmy işlerde, okuw kitaplarynda, leksiýalarda ulanylýar. Bu stile takyklyk, aýdyňlyk mahsus bolup, onda ylmy terminler, möçberi uly sözlemler agdyklyk edýär.
  3. Iş kagyzlary stili hem habar bermäge hyzmat edýär. Kararlar, protokollar, arzalar ýazylanda, şu stil ulanylýar. Bu stile resmilik we takyklyk has bolup, onda professional terminler kän gabat gelýär. Onuň leksikasynda kärhana we edara atlarynyň gysgaldylan görnüşleri, habar sözlemleri agdyklyk edýär.
  4. Publisistik stil, esasan, gazet-žurnal makalalarynda we syýasy-jemgyýetçilik temadaky çykyşlarda ulanylýar. Bu stilde ulanylýan sözler ylmy stile has ýakyndyr. Munda bir topar abstrakt sözlere, syýasy terminlere duş gelinýär, emma dialektizmler (şiwe sözleri) ulanylmaýar. Çeper edebiýat stilinde çeper obraz arkaly adam aňyna täsir edilýär. Çeper eserleriň dürli žanrlarynda ulanylýan bu stile çeper obrazlylyk mahsusdyr. Çeper stilde göçme manyly sözler, täze we könelişen sözler köp duş gelýär. Bu stilde dilde bar bolan ähli grammatik serişdeler ulanylýar.

Sözleýşiň görnüşleri

Bir zat, waka, hadysa hakynda hekaýa etme, beýan etme we pikir ýöretme -- sözleýşiň görnüşleridir. Daş-töweregiňdäki görýän zatlaryň, tebigat, haýwanlar, adamlara barada gürrüň bermegi, beýan etmegi ýa-da öz pikiriňi ýöretmegi sözleýiş hem-de ýazuw üsti bilen ýüze çykarmak bolýar.

  1. Suratlandyrma - zadyň, hadysanyň keşbiniň dil üsti bilen ýa-da ýazuw arkaly, göz öňüňe geler ýaly derejede beýan edilmegidir.

    Ol orta boýly, semiz, gyzgylt ýüzli, ýogyn adamdy.

  2. Hekaýa etme - belli bir hadysany, wakany, sözleýän ýa ýazýan adamyň beýan etmegidir.

    Şahyr esli wagtlap, keşdelenip ýazylan harplardan nazaryny sowman, pikirlenip otyrdy.

  3. Pikir ýöretme - sözleýän ýa ýazýan adamyň haýsydyr bir zady, hadysa, waka baradaky oýlanmalarynyň, garaýyşlarynyň beýanydyr.

    Gurt çagasyndan ekdi bolmaz, diýipdirler, be, sürenine tarap tutdurubermese-de ýagşydyr.

Mysallardan görnüşi ýaly, suratlandyrmada zadyň daş keşbini, sypatyny göz öňümize getirip bilýäris. Hekaýa etmede dowamly hereketi aňýarys, synlaýarys. Emma pikir ýöretmä diňe düşünip, akyl ýetirip bilýäris.