Türkmen dili

Gepleşik (dialog)

Iki ýa-da birnäçe adamyň arasyndaky sözleşige gepleşik (dialog) diýilýär. Gepleşige gatnaşýan adamlaryň sözleşýän wagtlaryndaky mimikasy, hereketi, hal-ýagdaýy barada berilýän maglumatlar, şeýle hem gepleşigi baglanyşdyrmaga hyzmat edýän sözler awtoryň sözüdir.

Oraz:
-- Nartäç! -- diýip gygyrdy.

Gepleşige gatnaşýanlaryň sözi baglaýjy sözler arkaly baglanyşýar.

Eger gürrüň iki adam arasynda gitse, haýsy sözüň kime degişlidigini bildirýän söz ýazylyp, soň bolsa olaryň ady ýa ol sözüň kime degişlidigini bildirýän söz ýazylmaýar.

Käbir ýagdaýlarda gepleşik köp adamyň arasynda gitse-de, olaryň her biriniň aýdan sözüniň öňünden ady ýa ol sözüň kime degişlidigini bildirýän söz ýazylmaýar.

-- Gutly bosun!
-- Ogul ýaşy uzyn, bolsun!
-- Taňryýalkasyn!

Gepleşikde punktuasiýa belgileriniň ulanylyşy

Gepleşik ýazuw bilen beýan edilende, awtoryň sözünden soň pikir gutarnykly görnüşe geçen ýagdaýynda nokat ýa iki nokat goýulýar.

Gepleşige gatnaşýanlaryň sözleri täze setirden kese çyzyk goýlup, baş harp bilen ýazylýar. Gepleşige gatnaşýanlaryň sözleriniň soňundan, sözlemiň pikir aňladyşyna görä, nokat, sorag, ýüzlenme belgileriniň biri goýulýar.

Awtoryň sözi gutarnykly ýagdaýa geçmänkä, gepleşige gatnaşýanlaryň sözleri başlansa, onda awtoryň sözüniň yzyndan iki nokat goýulýar. Eger gepleşige gatnaşýanlaryň sözünden soň baglaýjy kömekçiler gelse, onda olaryň arasynda kese çyzyk getirilýär. Şunda gepleşige gatnaşýanlaryň sözleri sorag ýa ýüzlenme sözlemlerinden bolsa, sözlemleriň soňundan sorag ýa ýüzlenme belgisi goýulýar. Ýöne habar sözleminden soň nokat goýulmaýar.

Diýip, diýşip, diýen baglaýjy sözlerinden soň oturyň goýluşy başganyň sözündäki ýalydyr.