Esasy sözlemiň içinde gelip, şol sözlemdäki pikire bolan garaýşy aňladýan sözleme giriş sözlem diýilýär.
Düýn seniň habaryň bardyr, mekdepde uly baýramçylyk bellendi.
Giriş sözlemleriň baş agzalary bolýar we gutarnykly pikiri aňladýarlar. Giriş sözleriň bolsa baş agzalary bolmaýar we gutarnykly pikiri aňlatmaýar.
Giriş sözlemler sözlemiň dürli ýerlerinde gelip bilerler. Olar esasy sözlemden otur, kese çyzyk ýa-da ýaý arkaly aýratynlandyrylýarlar.
Men onuň gürrüňini diňleýärdim,..