Sözlemde deň heň, deň pauza bilen aýdylýan, bir söze baglanyp, bir soraga jogap boýan sözlere deňdeş agzalar diýilýär.
Sözlemiň deňdeş agzalary sözlemde deň sintaktik hyzmaty ýerine ýetirýärler. Olar biri-birine garaşsyz bolan deň hukukly agzalardyr. Deňdeş agzalar iki ýa köp sözden bolýarlar.
Aşgabada golaý Köşi, Gämi, Bagyr obalary ýerleşýär.
Deňdeş agzalaryň dürli görnüşleri:
Eýeden bolan deňdeş agzalara deňdeş eýeler diýilýär.
Köse bilen Görogly bir dagyň üstüne atly çykdylar.
Habardan bolan deňdeş agzalara deňdeş habarlar diýilýär.
Onuň maksady şu harydy almakdy we ýene-de satmakdy.
Aýyrgyçlardan bolan deňdeş agzalara deňdeş aýyrgyçlar diýilýär.
Onuň ýanyna uzyn boýly, inçe billi, owadan gyz geldi.
Doldurgyçlardan bolan deňdeş agzalara deňdeş doldurgyçlar diýilýär.
Sowuga, açlyga biraz çydajak bol.
Deňdeş agzalar biri-birleri bilen iki ýol arkaly baglanyşýarlar:
Intonasiýa arkaly baglanyşda deňdeş agzalar bir meňzeş heň bilen aýdylyp baglanyşýarlar.
Ol şu günler işleýär, saz ýazýar, çalyp görýär.
Ýazuwda intonasiýa arkaly baglanyşýan deňdeş agzalaryň aralarynda otur goýulýar.
Baglaýjy kömekçiler arkaly baglanyş:
Ugurdaşlygy görkezýänler: we, hem, hem-de, -da, -de, bilen.
We kömekçisi sözlemde deňdeş agzalaryň arasynda birden artyk gaýtalanmaýar. We kömekçisiniň üsti bilen baglanyşan iki deňdeş agzanyň arasynda otur goýulmaýar.
Aman, Jemal we Oraz bu gün dynç aldylar.
Hem kömekçisi iki sany deňdeş agzanyň arasynda gelip, birden artyk gaýtalanmaýan bolsa, ol sözlemde deňdeş agzalaryň arasynda otur goýulmaýar.
Sapar kitaby çalt hem düşnükli okaýar.
Eger hem kömekçisi bir sözlemde deňdeş agzalaryň biriniň ýa öňünden, ýa yzyndan gelip, deňdeş agzalaryň sanyna görä birnäçe gezek gaýtalanýan bolsa, deňdeş agzalaryň aralarynda otur goýulýar.
Biz mekdepde okaýarys, ýazýarys hem surat çekýäris.
-da, -de iki sany işlikden bolan habaryň arasynda gelip, birinji iş gutaran badyna, ikinji işiň başlanyny görkezip biler. Şeýle bolanda-da deňdeş agzalaryň aralarynda otur goýulmaly.
Durdy partada oturyp ornaşdy-da, hat ýazmaga başlady.
Garşylygy görkezýänler: emma, ýöne, weli.
Bu kömekçiler many taýyndan bir-birine garşylykly bolan deňdeş agzalaryň aralarynda gelýärler we bir sözlemde birden artyk gaýtalanmaýarlar.
Ýagyş ýagdy, emma ýeri batga etmedi.
Emma, ýöne kömekçileri arkaly baglanyşýan deňdeş agzalaryň arasynda şol kömekçiniň öň ýanyndan, weli we welin kömekçileri arkaly baglanyşýan deňdeş agzalaryň arasynda bolsa şol kömekçiniň yz ýanyndan otur goýulmaly.
Çaltrak ýöredik weli, mekdebe derrew geläýdik.
Garşylygy we şerti görkezýänler: ýogsa, ýogsam, bolmasa.
Jan edip göreşiň, ýogsam synagdan geçip bilmersiňiz.
Ýazuwda bularyň üsti bilen baglanyşýan deňdeş agzalaryň aralarynda şu kömekçileriň öň ýanlaryndan otur goýulýar.
Ikiuçlulygy görkezýänler: ýa, ýa-da.
Şu gün ýa mekdepde, ýa-da klubda oýun görkeziljekmiş.
Eger ýa kömekçisi iki deňdeş agzanyň arasynda gelip, birden artyk gaýtalanmaýan bolsa, deňdeş agzalaryň arasynda otur goýulmaýar. Eger-de ol kömekçi deňdeş agzalaryň her biriniň öň ýanynda gelip, şolaryň sanyna görä birnäçe gezek gaýtalanýan bolsa, deňdeş agzalaryň arasynda otur goýulýar.
Gezekleşmegi görkezýänler: kä, käte.
Sazanda kä saz çalardy, käte-de hiňlenerdi.
Kä kömekçisi deňdeş agzalaryň sanyna görä birnäçe gezek gaýtalanyp, deňdeş agzalaryň her biriniň öň ýanyndan gelip biler. Şeýle bolanda, ýazuwda ikinji kä kömekçisiniň öň ýanyndan otur goýlup başlanýar.
Ýoklugy görkezýänler: ne, ne-de.
Bu kömekçi söz deňdeş agzalaryň her biriniň öň ýanyndan gelip, şol sözler bilen aňladýan düşünjeleriň hiç biriniň-de bolmaýandygyny görkezýär. Munuň üsti bilen baglanyşan deňdeş agzalaryň aralarynda otur goýulýar.
Şu gün ne howa açyldy, ne-de ýagyş ýagdy.
Sözlemiň deňdeş agzalarynyň manylaryny umumylaşdyrýan sözlere jemleýji sözler diýilýär.
Olar deňdeş agzalaryň öňünden ýa-da yzyndan gelýärler. Jemleýji söz deňdeş agzalaryň öňünden gelse, ýazuwda onuň yzynda iki nokat (:) goýulýar.
Gelen oglanlaryň ikisi: Oraz Omarow, Baýram Sopyýew gelenleriň öňündedi.
Eger jemleýji söz sözlemiň deňdeş agzalarynyň yzyndan gelse, onda jemleýji sözüň öňünden kese çyzyk (-) goýulýar.
Maýa, Jennet, Sona - üçüsi bir klasda okaýardylar.