Programmalar

Apache OpenOffice üçin türkmen diliniň orfografik sözlügi

Apache OpenOffice çeşmesi açyk ofis programmalarynyň toparydyr. Onuň içinde tekst işlenilýän, san işlenilýän we surat işlenilýän programmalar bar.

Biziň taýýarlan orfografik sözlügimizi OpenOffice Extensions sahypasyndan indirip bilersiň.

Indir

Gurnalyşy

Indireniňden soňra, OpenOffice Writer programmasyny aç we Tools menýusyndan Extension Manager bölümine gir.

Add düwmesine basyp, indiren faýlyňy saýla.

Türkmen diliniň sözlügi ýokarky suratdaky ýaly görkezilse diýmek ol ulanmaga taýýar.

Ulanylyşy

OpenOffice Writer programmasynda ilki bilen dokumentiň dilini türkmençä geçirmeli. Ony Tools menýusyndan Language bölümini saýlap geçirip bilersiňiz.

Türkmen dili gysga menýuda ýok bolsa, ony birinji gezek More saýlawyna basyp saýlamak mümkin.

Dokumentiň dili türkmen diline geçirleninden soňra, ýazylan tekst orfografik sözlügiň kömegi bilen bilen barlanylýar. Ýalňyş ýazylan sözleriň aşagy gyzyl çyzyk bilen çyzylýar we olaryň üstüne basanyňda sözlüge görä sözüň dogry ýazylyşy hödürlenýär.

Bu sözlügiň birinji goýberilişi we şol sebäpden kemçikleri bar; goşulmalaryň ähli görnüşleri heniz girizilmedik.