Gürrüňde haýsydyr bir zat diňleýjä (okyja) aýdyljak bolnanda, häli-şindi başganyň sözünden peýdalanylýar. Sözleýän (ýa ýazýan) adam öz sözüniň içinde başga biriniň sözüni hem ulanýar. Şonuň ýaly sözlere başganyň sözi diýilýär.
Başganyň sözi bir ýa-da birnäçe sözlemden ybarat bolýar. Onda başganyň aýdan sözüniň mazmuny berilmek bilen çäklenilmän, eýsem onuň aýdylyş formasy-da getirilýär.
Durdy çakanyň "Haý Alabaý, ýet, bas" diýen gykylygy eşidildi.
Eger-de başganyň sözüni sözlem şekilinde getirsek, ol wagtda onuň sözüniň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar, emma başganyň sözüniň yzyndan başlanýan awtoryň öz sözi setir harp bilen ýazylýar.
Başganyň sözi goşa dyrnaga alynýar.
Awtoryň sözi başganyň sözünden öňde gelse, onda olaryň arasynda iki nokat (:) goýulýar. Eger awtoryň sözi başganyň sözünden soň ýene dowam etse ýa-da tutuşlygyna şondan yzda gelse, onda bular diýip, diýşip, diýen baglaýjy sözleri arkaly baglanyşýarlar. Diýip, diýşip baglaýjy sözleri bilen habar bolup gelen sözüň arasyna başga söz düşen ýagdaýynda, baglaýjylardan soň otur goýulýar.
Şol wagt Çarynyň: "Gurgunmysyň, how inim?" diýip, sesi eşidildi.
"Eger ol baglaýjylar bilen habaryň arasyna başga söz düşmese, otur goýulmaýar. Diýen baglaýjysyndan soň hem otur goýulmaýar.
"Birden Arslan baý gelen bolaýmasyn" diýen pikir hemmäni tisgindirdi.
Başganyň sözi awtoryň sözünden pikir aňladyşy, kim tarapyndan aýdylandygy, intonasiýasy we gurluşy taýdan tapawutlanýar. Başganyň sözi ulanylan sözlemlerde esasy pikiri başganyň sözi aňladýar. Awtoryň sözi bolsa ol pikiri kimiň nähili ýagdaýda aýdadygyny bildirýär.
Türkmen dilinde başganyň sözüniň ulanylyşynyň birnäçe görnüşi bar. Başganyň sözi aýratyn sözlemler görnüşinde gelip bilerler.
Başganyň sözi şol durşuna alnan sözlemler.
Magtymguly "Bir ajy doýurmak haçdyr, ýaranlar" diýipdir.
Başganyň sözi awtoryň sözi arkaly berlen sözlemler.
Magtymguly atamyz bize aç-ýalaňaja arka durmalydygymyzy aýdyp gidipdir.
Giriş sözler ýa-da giriş sözlemleri ulanmak bilen berlişi.
Magtymguly atamyzyň aýdyşy ýaly, biz horlanýanlara arka durmalydyrys.
Hakyndalyk doldurgyjynyň kömegi bilen hem başganyň sözüni aňlatmak mümkin.
Magtymguly atamyz horlananlara arka durmalydygymyz hakynda aýdyp gidipdir.
Awtoryň sözi bilen berlen başganyň sözünde başganyň sözüne mahsus bolan intonasiýa we forma aýratynlygy saklanmaýar.
Pikirimizi tassyklamak ýa-da düşündirmek üçin, kimdir biriniň aýdanlaryndan, ýazan işlerinden sözme-söz alnan bölege, mysala sitata diýilýär. Sitatalar awtoryň sözi bilen bile ulanylanda, olarda punktuasiýa belgileriniň goýluşy edil başganyň sözündäki ýalydyr.
Sitatalar awtoryň sözi getirilen sözlemlere utgaşyp, olaryň bir bölegi görnüşiňde hem gelip bilerler. Şeýle ýagdaýda, olar goşa dyrnaga alynsalar-da, setir harp bilen ýazylýarlar.
Beýik rus ýazyjysy Çehow "adamyň hemme zadynyň gözel bolmalydygyny" nygtapdyr.
Eger sitatalar doly alynman, gysgaldylýan bolsalar, galdyrylan sözleriň ýerine köp nokat goýulýar.
Magtymgulynyň goşgulary ýurdumyzyň hemme halklary tarapyndan okalýar... (N. Tihonow).