Türkmen dili

Sözlem agzasy hasaplanmaýan sözler

Sözlemde baş we aýyklaýjy agzalar bolup bilmeýän, ýagny sözlem agzasy hasaplanmaýan käbir sözler gabat gelýärler. Bu hili sözler sözlemiň umumy manysyna goşmaça many berýärler. Olar haýsydyr bir zada gürrüňdeşiň ünsüni çekmäge ýa bir zada bolan garaýşy, jogaby aňlatmaga hyzmat edýärler.

Jemal, sen şu gün okuwa gidýärmiň?

Sözlem agzasy hasaplanmaýan sözler, dört topara bölünýärler, ýüz tutma sözler, jogap sözler, ümlükler we giriş sözler.

Ýüz tutma sözler

Sözlemde aňladylýan pikiriň kime ýa nämä ýüzlenip aýdylýandygyny bildirýän söze ýüz tutma söz diýilýär. Ol bir we birnäçe sözden bolup bilýär.

Ine, diýen ýerimize geldik. Häzirlikçe sag boluň, ýoldaş mugallym.

Ýüz tutma sözler baş düşümdäki sözlerden bolup, sözlemiň beýleki agzalaryndan bölünip, belent heň bilen aýdylýar. Olar, esasan, gepleşikde köp ulanylýar.

Käbir ýüz tutma sözleriň özlerine baglanyp gelýän garaşly sözleri-de bolup bilýär.

Garry melgun, seniň ähli pikirleriň maňa aýdyň.

Ýüz tutma sözler sözlemiň başynda hem, ortasynda hem, soňunda hem gelip bilerler.

Sözlemiň başynda gelen ýüz tutma sözleriň yzyndan, ortasynda gelende iki tarapyndan, soňunda gelenleriň bolsa öňünden otur goýulýar.

Eger ýüz tutma sözler sözlemiň başynda has belent heň bilen aýdylsalar, onda olaryň yzyndan ýüzlenme belgisi goýulýar we olaryň yzyndan gelen sözler baş harp bilen başlanýar.

Akja! Gaýt yzyňa!

Jogap sözleri

Gepleşikde berlen soraga diňleýji hawa, şeýle, bar, ýok, bolýar, mümkin, dogry ýaly sözler arkaly jogap berýär. Eger bu sözlerden aňlanylýan pikiri giňeltmek üçin, yz ýanlaryndan sözlem getirilse, onda ol sözler jogap sözleri bolýarlar.

- Giden ýeriňden kitap hem getirgin. Hawa, tapsam-a getirerin.

Gepleşikde soraga, buýruga ýa haýyşa biragyzdan jogap bolýan sözlere jogap sözler diýilýär. Jogap sözler sözlemiň beýleki agzalary bilen grammatik taýdan baglanyşmaýar.

Jogap sözler bir sözden hem, ýa şol sözüň birnäçe gezek gaýtalanmagyndan hem hasyl bolup bilerler.

Gaýtalanyp gelen jogap sözleriň tassyklaýjylyk ýa-da inkär edijilik häsiýeti has güýçli bolýar.

- Men şu gün onda gidäýeýin? -Ýok, ýok, bu gün däl, ertir gidersiň.

Jogap sözler esasan, sözlemiň başynda, kä halatda bolsa sözlemiň ortasynda gelýärler. Olar sözlem agzalaryndan otur arkaly aýratynlandyrylýarlar.

Ümlükler

Ümlükler bile ulanylýan sözleminde ýüze çykan waka, ýagdaýa bolan emosional-ekspressiw garaýşy, buýrugy, çagyryşy, hoşallygy we ş. m. aňladýarlar. Ümlükleriň dürli duýgy-pikirleri aňlatmagynda intonasiýanyň hem-de kontekstiň roly örän uludyr.

Ümlükler sözlemiň haýsy ýerinde gelseler hem, sözlem agzalaryndan otur üsti bilen aýrylmalydyrlar.

-- Haçan gitmekçi, how?

Sözlemiň başynda gelip, aýratyn bir güýçli intonasiýa bilen görnetin bölünip aýdylýan ümlüklerden soň bir ýa-da birnäçe ýüzlenme belgisini goýmak bolar.

Waý-waýeý!!! Endam-janym owum-döwüm bolup barýar.

Giriş sözleri

Sözleýän ýa ýazýan adamyň ýüze çykarýan pikirine bolan garaýşyny aňladýan sözlere giriş sözleri diýilýär.

Giriş sözler sözlem agzalary bilen grammatik taýdan baglanyşmaýar.

Dogrudan-da, Myradyň diýenleri dogry gelip durdy.

Giriş sözleri sözlemiň ähli ýerinde gelip bilerler we sözlem agzalaryndan otur arkaly aýratynlandyrylýar.

Giriş sözler aňladýan manylaryna görä bäş topara bölünýärler:

  1. Şübhelenmezligi ýa berk ynanmagy aňladýanlar: şübhesiz, elbetde, hakykatdan, dogrudan, şeksiz.

    Hakykatdanam, gowy kitap eken.

  2. Başganyň ýa özüniň pikirine daýanmagy aňladýanlar: diýmek, eýsem bolsa, meniňçe, seniňçe, aýtmagyna görä, biziňçe.

    Meniňçe, şeýle etsek ýagşy bolar.

  3. Netije çykarmagy, jemlemegi aňladýanlar: diýmek, eýsem bolsa, şeýlelikde, umuman, jemläp aýdanymyzda.

    Diýmek, sen ýalňyş.

  4. Ikuçlulygy aňladýanlar: ähtimal, belki, megerem, çaky.

    Ýagyş ýagar, belki.