Kirilden latyna geçiriji

Geçirijiniň öwürme kadalary
  • Sözüň başynda gelýän kiril e harpy, latyna geçirilende ýe diýip ýazylýar.

    Meselem: ел → ýel, елкен → ýelken.

  • Sözüň kirilçe ýazylyşynda e harpynyň öňünden и, ө, ү, ә harplary gelende, latynça geçirilende, olaryň arasynda ý harpy ýazylýar.

    Meselem: дүе → düýe; өе → öýe; диен → diýen.

  • ъ aýyrma belgisinden soň е harpy gelen ýerinde latynça ýe ýazylýar. Başga ýerlerde ъ aýyrma belgisi we ь ýumşaklyk belgisi geçirilende taşlanylýar.

    Meselem: гөзъетим → gözýetim; весъет → wesýet.

Geçirijiniň şertleri
  • Geçiriljek tekst utf-8 encoding-de bolmaly.
  • Geçiriljek tekstiň göwrümi uly bolsa ony kiçiräk böleklere bölüp geçirmäge çalşyň.