Türkmen dili

Sözlemiň baş agzalary

Sözlemi emele getirmäge, düzmäge gatnaşýan sözlere sözlem agzalary diýilýär. Sintaktik taýdan ýerine ýetirýän hyzmatlaryna görä, sözlem agzalary baş hem aýyklaýjy agzalar diýen iki topara bölünýärler.

Eýe bilen habar sözlemiň baş agzalarydyr. Baş agzalar sözlemde baş pikiri aňladýarlar we sözlemiň grammatik esasy bolup hyzmat edýärler. Baş agzalar sözlemiň özeni bolýar.

Aman aga obada sylanýan ýaşulydy.

Aşagy çyzylan sözler sözlemiň baş agzalarydyr.

Sözlemiň aýyklaýjy agzalary sözlemiň baş agzalarynyň haýsy-da bolsa birine ýa-da özara biri-birlerine baglanyp, baglan sözlerini aýyklaýarlar, olar dogrusynda belli bir soraga jogap bolýarlar.

Olaryň gelişleri gowy däl, Bibiniň dogany gowy okaýar.

Sözlemiň baş agzalary hem, sözlemde ýerine ýetirýän sintaktik hyzmatlaryna görä, eýe we habar diýen iki topara bölünýärler.

Eýe

Sözlemde özi dogrusynda sözlenip, kim? näme? nire? näçe? diýen soraglara jogap bolýan we habar tarapyndan aýyklanýan söze eýe diýilýär.

  • Jeren surat çekýär.
  • Aşgabat günsaýyn görklenýär.
  • Dokuz üçe galyndysyz paýlanýar.
  • Dursunyň ýüregi gürsüldedi.

Bu mysallarda aşagy çyzylan sözler sözlemiň eýesidir.

Eýe baş düşümde, birlik we köplük sanda, ýöňkemesiz ýa-da alty ýöňkemäniň birinde gelýär.

Sada we goşma eýe

Bir sözden bolan eýä sada eýe diýilýär.

Okamak - hemmeler üçin zerurdyr.

Birden köp sözden emele gelen eýä goşma eýe diýilýär.

Bu habara türkmen halky begendi.

Habar

Eýe dogrusynda bir zady habar berýän, eýe baradaky pikiri gutaran görnüşe getirýän söze habar diýilýär.

Meniň kakam çopan.

Habar eýäniň näme iş edýändigini, eýä degişli näme iş edilýändigini, eýäniň neneňsidigini, kim ýa nämedigini, tertip taýyndan näçenjidigini, nirededigini, eýäniň ornuny, nämeden edilendigini we ş. m. görkezýär.

Sada we goşma habar

Bir sözden bolan habara sada habar diýilýär.

Meniň atam gazetleri sypdyrman okaýar.

Birden köp sözden emele gelen habara goşma habar diýilýär.

Olar Myradyň teklibine boýun boldular.

Goşma habary hasyl edýän sözler sintaktik we many taýdan özara berk baglanyşýarlar we bilelikde bir soraga jogap bolýarlar. Olary aýratynlykda alsaň, onda sözlemden aňlanylýan pikir bulaşýar.

Baş agzalaryň dürli söz toparlaryndan bolup bilşi

Eýe aşakdaky ýaly söz toparlaryndan bolup bilýär:

  1. Atlardan.

    Myhman Ataňdan uly (nakyl).

  2. At deregine gelen sypatlardan.

    Merdiň sözem üýtgeşik.

    Egri azar, dogry ozar.

  3. Sanlardan.

    Üç bäşden az.

  4. Çalyşmalardan.

    Men ýedinji klasda okaýaryn.

  5. Ortak işliklerden.

    Işlemedik dişlemez.

  6. Işligiň nämälim formasyndan.

    Okamak peýdaly zat.

  7. Iş atlaryndan.

    Bu garaýyş oňa üýtgeşik güýç berdi.

  8. At deregine gelen işligiň hökmanlyk formasyndan.

    Oýna gatnaşmalylar taýýar.

  9. At deregine gelen ümlüklerden.

    Seniň waý-waýyň gutarmady-la.

Habar aşakdaky ýaly sözlerden bolup bilýär:

  1. Baş düşümde gelen atlardan.

    Oraz biziň mugallymymyz.

  2. Wagt-orun hem çykyş düşümdäki sözlerden.

    Men bolsa uruşdan ozalky soldatlardan.

  3. Sypatlardan.

    Bal süýji, baldan bala süýji.

  4. Sanlardan.

    On onuň ýüz.

  5. Çalyşmalardan.

    Mekdebiň ýolbaşçysy sizmi?

  6. Bar, ýok, az, köp ýaly sözlerden.

    Mende erbet pikir ýok.

  7. Habarlyk goşulmalaryny kabul eden sözlerden.

    Şu gidişimize gitsek, barjak ýerimiz baglykmyş.

  8. Öten, häzirki we geljek zaman işlik formalaryndan.

    Dürli otlar iýeniňde, işdäňi açýar, ýokumly bolýar.

  9. Işligiň dowamly öten zaman formasyndan.

    Adam akymy birjik-de egsilmeýärdi.

  10. Işligiň arzuw-ökünç formasyndan.

    Şu günler bir ýagyş ýagsady.

  11. Işligiň hökmanlyk formasyndan.

    Men ertir irräk turmaly.

Eýe bilen habaryň ylalaşygy

Işlikden bolar habar köplenç sözlemiň eýesi bilen sanda we ýöňkemede ylalaşýar, eýe birlik ýa köplük sanlaryň haýsynda gelse, habar hem şol sanda gelýär.

Eýe bilen işlikden bolan habaryň ýöňkemede ylalaşmaklary şeýle bolýar: eýe men, biz ýaly at çalyşmalarynyň birinden bolsa, habar menlik ýöňkemede, eýe sen, siz çalyşmalarynyň birinden bolsa, habar senlik ýöňkemede bolup, galan ýagdaýlaryň hemmesinde olluk ýöňkemede gelýär.

Men ylgap geldim (sanda we ýöňkemede).

Käbir sözlemde eýe we habar diňe sanda ylalaşýar.

Çagalar oýun oýnaýarlar.

Eýe bilen habaryň sanda ylalaşmasy olluk ýöňkemede berk däldir, ýagny olar sanda ylalaşman hem bilerler. Bu hili ýagdaý köplenç sözlemiň habary gaýdym derejesindäki işlikler bilen aňladylanda bolýar.

Şu gün myhman çagyrylýar.

Habar işligiň mälim geljek zamanyndan ýa-da işligiň hökmanlyk formasyndan bolanda hem eýe bilen habar ylalaşmaýar.

Men oba gitjek.

Habar sypatlardan, bar, ýok, az, köp sözlerinden bolup, yzlarynda habarlyk goşulmalary getirilmedik bolsa, eýe köplük sanda bolsa-da, habar hemişe birlik sanda bolýar.

Ýanymyzda depderlerimiz ýok.

Eýe bilen habaryň arasynda kese çyzygyň goýluşy

  1. Eýe bilen habar, esasan, işliklerden beýleki söz toparlaryndan bolup, sözlemde ýanaşyk gelseler, onda olaryň arasynda kese çyzyk (-) goýulýar.

    Gezen - derýa, oturan - gumra. (nakyl)

  2. Eýe bilen habar baş düşümdäki sözlerden bolup, olar ýanaşyk gelenlerinde, eýäniň yzyndan kese çyzyk goýulýar.

    Bu - oglan. Okajak - gyz.

  3. Habar bolup gelen söz habarlyk goşulmalaryny kabul eden bolsa.

    Türkmenistanyň paýtagty - Aşgabatdyr.