Adamyň içki duýgusyny aňlatmaga hyzmat edýän sözlere ümlük diýilýär. Ümlükler gynanç, begenç, haýran galmak we beýleki duýgulary aňlatmaga hyzmat edýär.
Wa-eý, senmi gyz bu! (geň galmak).
Sözlemde aňladyljak bolunýan pikire laýyklykda ümlükler dürli heň-intonasiýa bilen aýdylýarlar. Netijede, hut bir ümlügiň özi dürli intonasiýa bilen aýdylanda, dürli manyny aňladyp bilýär.
Ümlükler çeper eserlerde, esasan, gepleşikde ulanylýarlar.
Ümlükler gurluşlary boýunça iki hili bolýarlar: sada ümlükler we goşma ümlükler.
Birbada aýdylyp, bir bölekden ybarat bolan ümlüklere sada ümlükler diýilýär.
a, eý, aý, aýt, baý, waý, hiý we ş. m.
Sada ümlükleriň bir-biriniň yzyndan gaýtalanyp, tirkeşip gelmeginden hasyl bolan ümlüklere tirkeş ümlükler diýilýär.
weý-weý, baý-ba, a-how, wah-waheý.
Ümlükler sözlemiň başynda gelseler, ýazuwda ümlükleriň yzyndan otur goýulýar.
Baý-ba, muny edäýenlerini.
Eger başda gelen ümlük belent heň bilen aýdylsa, onuň yzyndan ýüzlenme belgisi goýulýar. Eger-de ümlük sözlemiň soňunda gelse, öňünden otur goýulýar.
Ura! Ertir toý! Indi geljek dälmi, how!
Sözlemiň ortasynda ýa-da soňunda gelse-de, ýazuwda -aýt, -aý, -eý, -a ýaly ümlükler bilen olaryň goşulan sözüniň arasynda defis goýulýar.
Nädäýdiň-aý muny!
Sözlemiň ortasynda hiç bir söze dahylsyz özbaşdak ulanylan ümlükleriň öňünden we yzyndan otur goýulýar.
Şony-my, hä, indi ýadyma düşdi.
Ümlükleriň soňky sesi süýndürilip uzyn aýdylýan bolsa, ýazuwda ol ses birnäçe gezek ýazylýar ýa-da ümlügiň yzyndan kop nokat goýulýar.
Huwwa, balam, huwwa-huw...
Tirkeşdirilip ulanylýan ümlükleriň arasynda defis (-) goýulýar.