Türkmen dili

Hallar

Wagt, tarap, maksat, ýagdaý, mukdar, deňeşdirme aňladyp, işliklere baglanyp gelýän sözlere hallar diýilýär.

ir, giç, haýal.

Biz okuwa ir geldik. Ekinimiz tekiz gögerdi.

Türkmen dilinde birnäçe sözler atlara baglanyp gelenlerinde sypatlara degişli bolup, işliklere baglanyp gelenlerinde hallara degişli bolýarlar.

gowy adam (sypat), gowy işleýär (hal).

Hallaryň gurluşy

Hallar özleriniň gurluşy taýdan üç hili bolýarlar: asyl, ýasama we goşma-tirkeş hallar.

Asyl hallar

Yzy hiç hili goşulmasyz düýp görnüşinde ulanylýan hallara asyl hallar diýilýär.

giç, tiz, häzir, indi, çalt.

Ýasama hallar

Her hili goşulmalaryň kömegi bilen ýasalan hallara ýasama hallar diýilýär.

Hal ýasaýjy goşulmalar Mysallar
-laýyn, -leýin atlaýyn, töwerekleýin, aýlaýyn
-laý, -leý ýüzleý
-larça, -lerçe gahrymanlarça, mertlerçe
-lygyna, -ligine ilerligine, gaýralygyna
-ça, -çe rusça, türkmençe, şunça
-lap, -läp onlap, müňläp
-yn, -in oňyn, günin, gaýdyşyn, gelşin
-yna, -ine gidişine, barşyna
-saýyn sagatsaýyn, günsaýyn
-boýy ömürboýy, asyrlarboýy
-lenç köplenç
-dan, -den irden, daňdan

Goşma-tirkeş hallar

Goşulma kabul etmedik ýa-da biri -dan, -den, -ma, -me, -ba, -be, -a, -e goşulmalaryny kabul eden birmeňzeş sözleriň, sinonimleriň, antonimleriň tirkeşip gelmegi, şeýle hem iki, üç sözüň many taýdan birikmegi arkaly belli bir düşünjäni aňlatmaga hyzmat edýän hallara goşma-tirkeş hallar diýilýär.

gaýra-gaýra, günbe-günden, püre-pür, ýüzbe-ýüz.

Tirkeş hallary ýasamakda ulanylýan goşulmalar Mysallar
-ba, -be aýba-aý, ýylba-ýyl
-ma, -me öýme-öý, obama-oba
-dan, -den ýyl-ýyldan, gün-günden
-dan, -den, -a, -e ýyldan-ýyla, günden-güne
-ly, -li öýli-öýüne
-ly, -li, -da, -de wagtly-wagtynda, ýerli-ýerinde

Hallaryň ýazuw düzgüni

  1. Asyl hallar özleriniň baglanyşýan sözlerinden aýry ýazylýarlar.

    Ol hemişe ir gelerdi.

  2. Söz ýasaýjy -ça, -çe goşulmasy arkaly ýasalan hallar goşulyp ýasalýar.

    Men Orazgülçe ýazyp bilmeýärin.

  3. Bir bogunly dodak çekimlili sözlere -yn, -in goşulmasy goşulanda, ikinji bogundaky çekimli ses uzyn aýdylýandygy sebäpli, dodaklandyrylman ýazylýar.

    Günki, oňyn. Öýin-öýin aýlandyk.

    Bu goşulmalaryň -n görnüşi soňy e sesine gutaran sözlere goşulýar. Şonda e sesi ä sesine öwrülip aýdylýar we ýazylýar.

    Biz öýlän öýe ýygnandyk.

  4. Birmeňzeş sözleriň, antonimleriň tirkeşip gelmeginden hasyl bolan hallaryň arasynda defis goýlup ýazylýar.

    Gaýra-gaýra bakar men.

  5. Basym taýdan birleşip, bir düşünjäni aňladýan goşma hallar bile ýazylýarlar.

    günuzyn, ilkiagşam, gijara we ş. m.

  6. Basym taýdan birleşmän, bilelikde ulanylýan goşma hallar aýry ýazylýarlar.

    Meselem; birnäçe gün bäri, şu mahal.