Dilimiziň sözlük düzüminde müňlerçe söz bar. Şol sözleriň her biriniň özbaşdak manysy, sözleýişde bitirýän hyzmaty bar. Şu sözlerden başga dilimizde ýene birnäçe kömekçi sözler hem ulanylýar. Ine, şu esasda hem dilimiziň sözlük düzüminde bolan sözleriň, kömekçileriň hemmesi aýry-aýry söz toparlaryna bölünýär.
At - zat we düşünje aňladyp, kim?, näme?, nire? diýen soraglara jogap bolýar.
oglan, ekin, galam.
Sypat - nähili?, nätüýsli?, neneňsi? diýen soraglara jogap bolup, bir zadyň hilini, häsiýetini we degişliligini görkezýär.
ak, gök, gin, kiçi.
San - sanalmakda mukdar, tertip bildirýär
üç, on, ýüz.
Çalyşma - beýleki söz toparlarynyň deregine çalşyrylyp ulanylýan söz.
men, sen, biz, olar, birnäçe, kim, haýsy, we ş. m.
Işlik - gymyldy, hereket we gymyldamazlyk ýagdaýy bildirýär.
al, bil, oka, işle.
Hal - işliklere baglanyp, işiň, gymyldy-hereketiň neneňsi we nähili ýagdaýda hasyl bolýandygyny bildirýär.
ir, giç, tiz, häzir, hemişe, hökman.
Baglaýjy kömekçiler - sözleri ýa-da sözlemleri özara baglanyşdyrmaga hyzmat edýän kömekçi sözler.
we, hem, welin, emma.
Sözsoňy kömekçiler - kömekçi rolunda öz degişli ulanylýan sözünden soň gelýän sözler.
üçin, ötri, göre, kimin.
Ümlükler - begenji, gynanjy we içki duýgyny aňlatmak üçin ulanylýan sözler.
ah, wah, wiý.