Türkmen dili

Sözleriň hilleri

Sözler özleriniň aňladýan manylary, gurluşlary taýyndan bir-birlerinden tapawutlanýarlar.

Sada sözler

Bir sözden ybarat bolup, bir düşünjäni aňladýan sözlere sada sözler diýilýär. Sada sözler bogunlardan hasyl bolýarlar, bogunlar bolsa seslerden düzülýärler. Sada sözler bir bogundan (at, it, sl, ýap), iki bogundan (o+gul, a+gyz, ü+züm), üç we ondan-da köp bogunlardan (o+ka+ra, a+la+ka, e+ke+ran+çy+lyk) düzülýärler.

Sözleriň belli bir bognunyň beýleki bogunlaryndan batlyrak aýdylmagyna basym diýilýär.

gaplaň, süzme, düzme ýaly sözleriň ikinji bogunlary beýleki bogna garanda, batlyrak aýdylýar.

Sözlerde basymyň ýeriniň üýtgemegi bilen, sözleriň manysy hem üýtgäp biler.

çatma, süzme, gurama, düzme sözler hereket aňladyp işlik bolýan bolsalar, çatma, süzme, gurama, düzme sözleri olardaky basymyň ýerini üýtgetmegi netijesinde bir zadyň adyny aňladyp, at bolup hem bilýärler.

Türkmen dilinde basym, esasan, sada sözüň soňky bognuna düşýär.

Goşma sözler

Sada sözleriň üstüni ýetirmek bilen goşma sözler dilimizi baýlaşdyrýar. Sebäbi olar dilimizde şol bar bolan sada sözlerden täze manyly sözleri emele getirýärler. Goşma sözler her haýsy özbaşdak many aňladýan sada sözleriň birikmeginden hasyl bolýarlar.

Birden artyk sada sözlerden birigip, täze bir many aňladýan sözlere goşma sözler diýilýär.

  • halkara (halk, ara)
  • gündogar (gün, dogar)
  • Garagum (gara, gum)
  • gelneje (gelin, eje)

Islendik sada sözleri birleşdirip, olardan goşma sözleri ýasamak bolmaz; goşma sözler uzak wagtyň önümidir. Sada sözlerden goşma sözleriň hasyl bolmagy üçin şeýle şertler gerek:

  1. Birleşdirilýän sada sözleriň ozalky manylarynyň özgerip, olaryň bilelikde täze bitewi bir many aňlatmagy gerek.

    • demir, tiken - demirtiken
    • pişik, dyrnak - pişikdyrnak
    • kyrk, aýak - kyrk-aýak.
  2. Birleşýän sada sözleriň bir basymly aýdylýan söze öwrülmegi zerur.

    • gelin, eje - gelneje
    • bagyr, öýken - bagröýken
  3. Goşma söze öwrülýän sada sözleriň bir-birini aýyklamazlyklary zerur.

    Demir ýol - nähili ýol? Demir-ýolçy - nähili ýolçy? diýmek bolmaýar.

  4. Goşma söze öwrülýän sada sözleriň her haýsy aýry soraga jogap bolman, ikisiniň bilelikde bir soraga jogap bolmagy zerur.

    • kim? - demirýolçy
    • kim? - bedenterbiýeçi

Goşma sözleriň ýazuw düzgüni

  1. Goşma has atlaryň hemmesi goşulyp ýazylýar.

    Oraznabat, Aknabat, Aýdere we ş. m.

    Eger bile ulanylýan has atlaryň ikinjisiniň yzynda üçünji ýöňkemäniň goşulmasy getirilýän bolsa, onda olar aýry ýazylýarlar.

    Wolga, derýasy, Murgap oazisi.

    Goşma has atlaryň ortasynda ýanaşyp gelýän iki çekimliniň gepleşikde biri düşürilip geplenilse-de, ýazuwda ikisi hem ýazylýar.

    Almaata, Annaoraz, Köneürgenç.

    Emma goşma jyns at-larda bu kada saklanmaýar.

    ikiatýok däl, ikatýok, altyatar däl, altatar.

  2. Basym taýdan birleşip, täze many aňladýan goşma sözler bile ýazylýarlar.

    ýekegapan, toklutaý, gözdaňdy, daşdeşen, günebakar, aýakgap, porsuderman.

  3. Durubermek, guýubermek, görübermek, okabilmek ýaly goşma işlikler goşulyp ýazylýarlar.
  4. Kädi, don, ýol ýaly sözleriň öňünden olary aýyklap gelýän sözler aýry ýazylýarlar.

    demir ýol, otly ýol, araba ýol, suw kädi, palaw kädi.

  5. Jan, aga, eje ýaly sözler has adyň bir bölegi bolup gelmedik wagtda, özünden öň gelýän sözlerden aýry ýazylýar.

    Berdi aga, Myrat jan, Bibi eje.

  6. Dar çekimlileriň ikinji bogunda düşüp galmagy, dymyk çekimsizleriň açyga öwrülmegi, dodak çekimlileriň ýazuw düzgünleri goşma sözlerde hem doly saklanýar.

Tirkeş sözler

Goşma sözler ýaly tirkeş sözlerde dilimiziň sözlük düzümini baýlaşdyrýar. Bular iki sany sözüň ýa-da bölegiň yzly-yzyna tirkeşip ulanylmaklaryndan hasyl bolýarlar.

oglan-uşak, çaý-paý, paty-puty.

Iki sözüň ýa bölegiň yzly-yzyna tirkeşip gelip täze bir many aňlatmagyndan emele gelen sözlere tirkeş sözler diýilýär.

Goşma sözler ýaly tirkeş sözler-de bitewi bir manyny aňladýarlar, ýöne bulary hasyl edýän sözler, bölekler basym taýyndan birleşmeýärler. Sebäbi olaryň her bölegi basymy özünde saklaýar. Şonuň üçin-de ol bölekleri birleşdiriji alamat hökmünde tirkeş sözleriň arasynda defis goýulýar. Defis tirkeş sözleri hasyl edýän sözleri we bölekleri birleşdiriji orfografik belgidir. Şoňa görä tirkeş sözleri defis goýlan ýerinden setirden-setire geçirmeli bolana-da, setiriň ahyrynda, täze setiriň hem baş defis goýulmalydyr.

Tirkeş sözlerde goşma sözler ýaly diňe bir soraga jogap bolýarlar. Şonuň ýaly hem olar biri-birini aýyklamaýarlar.

Meselem:
kimler? oglan-uşaklar
kimler? gyz-gelinler
näme? gap-çanak
nädip? soraşa-soraşa

Tirkeş sözleriň (ýasalyşy) hasyl bolşy

Tirkeş sözler aşakdakylar ýaly ýasalýarlar:

    1. Iki sany biri-birine ýakyn manyly sözleriň yzly-yzyna tirkeşip gelmeginden: gap-gaç, oglan-uşak, çäýnek-käse, gyz-gelin.
    2. Bir sözüň şol durşuna iki gezek gaýtalanyp tirkeşdirilmegi bilen: hatar-hatar, jykyr-jykyr, düzüm-düzüm.
    3. Antonimleriň tirkeşip gelmegi bilen: uly-kiçi, içim-daşym.
    4. Sinonimleriň tirkeşip gelmegi bilen: dogan-garyndaş, tertip-düzgün, ýagyşly-ýagmyrly.
  1. Iki gezek gaýtalanan bir sözüň aralygyndan -a, -e, -ba, -be, -ma, -me, -ha, -hä goşulmalaryny getirmek bilen.

    geçe-geç, githä-git, ýylba-ýyl.

  2. Ilki sözi manyly, ikinjisi many aňlatmaýan bölegiň tirkeşdirilip ulanylmagyndan: suw-puw, köl-söl, süýt-püýt, goýun-poýun.

  3. Iki sany many aňlatmaýan bölegiň tirkeşdirilip ulanylmagyndan: gümür-ýamyr, hyşy-wyşy, gümi-samy.

Tirkeş sözlerde söze goşulmalaryň goşulyşy, dar çekimlileriň ikinji bogunda düşüp galyşy, dymyk çekimli sözleriň açyga öwrülişi, dodak çekimlileriň ýazuw düzgünleri umumy kada eýerdilýär.

Tirkeş sözüň her böleginiň öz basymy bar.