Türkmen dili

Çalyşmalar

Atlaryň, sypatlaryň, sanlaryň deregine ulanylýan sözlere çalyşma diýilýär. Çalyşmalar sözlemde sözleri gereginden artyk gaýtalamazlyk üçin uly serişdeleriň biridir. Çalyşmalar özleriniň aňladýan manylaryna we grammatiki aýratynlyklaryna görä ýedi hili bolýar.

At çalyşmasy

Bu çalyşmalar diňe atlaryň deregine çalşyrylyp ulanylýarlar.

Menlik ýöňkeme üçin men, biz, senlik ýöňkeme üçin sen, siz, onluk ýöňkeme üçin bolsa ol, olar çalyşmalary ulanylýar.

At çalyşmalary kim? näme? diýen soraglara jogap bolýarlar. At çalyşmalary sözlemiň her hili agzalary bolup bilýärler we diňe düşüm bilen üýtgeýärler. Olar san, ýöňkeme goşulmalaryny kabul etmeýärler.

Diňe 3-nji ýöňkemäniň köplüginde, ol sözüniň yzyna -lar goşulmasy goşulyp, ol at çalyşmasynyň l sesi gepleşikde we ýazuwda düşürilýär.

Ollar däl-de, olar.

San çalyşmasy

San çalyşmasy sözlemde, esasan, sanlaryň ýerine ulanylýar.

Otuz okuwçy bar. Hemme okuwçy bar.

San çalyşmasy hemme, käbir, bary, birnäçe diýen sözlerden ybaratdyr. San çalyşmasyndan bary sözi san goşulmasyny kabul etmeýär.

hemme+ler+imiz, käbir+ler+i.

San çalyşmasynyň ýazuw düzgüni

San çalyşmasy düşüm bilen üýtgände, köplenç, ýöňkeme goşulmalarynyň birini kabul edip, soň düşüm goşulmalaryny kabul edýär.

Hemmä+miz+de, bary+myz+yň.

Hemme, birnäçe çalyşmalaryndaky e sesi menlik we senlik ýöňkemede ä sesine öwrülýär we ýazuwda hem şeýle ýazylýar.

hemmä+miz, birnäçä+miz.

Görkezme çalyşmasy

Bir zady görkezmek üçin ulanylýan çalyşma görkezme çalyşmasy diýilýär.

Bu, şu, şol, şo, ol görkezme çalyşmalarydyr. Ol diýen söz diňe bir zady görkezmek üçin ulanylsa, görkezme çalyşmasy bolýar. Emma at deregine gelende, at çalyşmasy bolýar.

Görkezme çalyşmalary özbaşlaryna ulanylanda, edil atlar ýaly san, ýöňkeme, düşüm bilen üýtgeýärler.

Görkezme çalyşmasynyň ýazuw düzgüni

Şol görkezme çalyşmasyna san goşulmasy -lar goşulanda, iki sany l sesiniň biri düşüp galýar.

şol+lar - şolar.

Bu görkezme çalyşmasy san goşulmasyny kabul etmän, ýöňkeme bilen üýtgände, b sesi m sesine öwrülýär we ýazuwda hem şeýle ýazylýar.

Bu - muňa, muny.

Bu, şu çalyşmalary ýöňkeme we düşümler bilen üýtgände, düýp söz bilen goşulmanyň arasynda n sesi goşulýar we şeýle hem ýazylýar.

Munym, şonym.

Bu, şu, şo (şol) görkezme çalyşmalary onluk ýöňkemesinde, munsy, şunsy, şonsy ýaly geplense-de, ýazuwda munusy, şunusy, şonusy ýaly ýazylýar.

Bu görkezme çalyşmasyny düşümler bilen üýtgedenimizde, baş düşümden beýlekilerde "b" sesi "m" sesine öwrülýär.

Bu, munuň, muny, munda.

Bu, şu, şol, ol görkezme çalyşmalarynyň soňundan goşulan n sesi ýöneliş, düşümde ň sesine öwrülýär we ýazuwda ň harpy ýazylýar.

şoňa, oňa.

Ol, şol görkezme çalyşmalarynyň soňundaky l sesi eýelik, ýeňiş, wagt-orun, çykyş düşümlerinde n sesine öwrülýär we şeýle hem ýazylýar.

onuň, şonuň, şony, onda, şonda.

Gaýdym çalyşmasy

Gaýdym çalyşmasy öz diýen sözden ybarat bolup, at deregine ulanylýan sözleriň ýerini çalyşýar.

Gaýdym çalyşmasy ýöňkeme we düşüm bilen üýtgeýär.

öz+üm, öz+ümiz, öz+üň, öz+üňiz, öz+i, öz+i.

Ýokluk çalyşmasy

Ýokluk çalyşmasy hiç diýen sözden ybarat bolup, ol, esasan, zat, kim, wagt, bir, ýer ýaly sözler bilen ulanylyp, şol düşünjäniň ýoklugyny aňladýar.

Ol ýerde hiç kim ýok.

Hiç ýokluk çalyşmasy şol durşuna düşüm goşulmalaryny kabul etmeýär. Ol ýöňkemäniň köplük sany üçin ulanylýan goşulmalary kabul edýär. Ýöňkeme goşulmalaryny kabul edensoň bolsa, düşüm bilen üýtgeýär.

Hiçimiz, hiçimiziň.

Nämälim çalyşmasy

Nämelim çalyşmasy, köplenç, atlaryň ýerine çalşyrylyp ulanylýar. Nämälim çalyşmasy pylany, nämä, kimdir, nämedir, haýsydyr biri diýen sözlerden ybaratdyr. Nämälim çalyşmasy bir predmetiň ady bilinmedik wagtda ulanylýar.

Jeren, şu galamy al diýmegiň ýerine Pylany şu galamy al diýlip bilinýär.

Sypatlyk çalyşmalary

Sypatlyk çalyşmalary her sözi we her haýsy, her bir, her hili, her tüýsli, her näçe ýaly sözleriň jeminden hasyl bolýar.

Her bir adam.