Türkmen dili

Atlar

Tebigatda bar bolan ähli zadyň öz ady bar.

galam, daş, bag, suw.

Predmeti ýa-da predmetleşen düşünjäni aňladýan sözlere at diýilýär. Atlar kim?, näme?, nire? diýen soraglara jogap bolýarlar.

Adamyň atlary, familiýalary, onuň kärini, jynsyny, garyndaşlygyny bildirýän atlar kim? diýen soraga jogap bolýarlar.

Döwran - kim?, gyz - kim? çopan - kim?

Ýurt, şäher, oba, umuman, orny aňladýan atlar, esasan, nire? diýen soraga jogap bolýarlar.

Minsk - nire?, Aşgabat - nire?

Galan predmeti we predmetleşen düşünjäni aňladýan atlaryň hemmesi, näme? diýen soraga jogap bolýarlar.

goýun - näme?, pil - näme?, kitap - näme?

Atlaryň gurluşy

Bir sözden bolan atlara sada atlar diýilýär.

Dag, bag, köl, galam.

Iki we ondan köp sözden düzülen atlara goşma atlar diýilýär.

demirtiken, kepjebaş, ýaşuly.

Sada atlar hem gurluşy boýunça iki hili bolýar: asyl atlar we ýasama atlar. Ýasaýjy goşulmalaryň goşulmagy bilen emele gelen atlar ýasama atlardyr. Atlar many taýyndan umumylykdaky hem täklikdäki predmetleriň adyny aňladýarlar.

Has atlar we jyns atlar

Bir jynsdan bolan predmeti, düşünjäni aňladýan atlara jyns atlar diýilýär.

adam, oba, parta, surat.

Bir jynsdan bolan predmeti aňladýan atlardan tapawutlandyrmak üçin dakylýan atlara has atlar diýilýär.

Garagum, Köpetdag, Aman.

Has atlaryň ýazuw düzgüni

Has atlar sözlemiň niresinde gelseler-de, olaryň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.

Aşgabat, Garagum, Gökje.

Söz ýasaýjy goşulmalary kabul edip, has atlygyny ýitiren sözler setir harplary bilen ýazylýarlar.

maryly, tejenli, gökjeli.

Emma has atlaryň soňuna -syz, -siz, -suz, -süz, -daky, -däki, -lar, -ler goşulmalary goşulanda, has atlaryň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.

Gurbannazarlar, Aşgabatdaky.

Gazet-žurnallara, kitaplara, eserlere we şuňa meňzeşlere dakylan atlaryň ilki harpy baş harp bilen ýazylyp, tutuş at goşa dyrnagyň içine alnyp ýazylýar.

"Mydam taýýar" gazeti, "Täze ýol" kolhozy.

Adam ady dakylan kärhanalaryň atlarynyň yzyndan "adyndaky" sözi getirilýär hem dakylan at goşa dyrnak içine alynmaýar.

Magtymguly adyndaky uniwersitet, Azady adyndaky köçe.

Geografik we administratiw-territorial atlaryň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.

Ýewropa, Daşkent oblasty, Balkan dagy.

Astronomik atlaryň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.

Gün, Ýer, Mars, Ýedigen.

Bular has at bolup gelmedik wagtynda, setir harpy bilen ýazylýarlar.

Şu gün, gije-gündiz, aýyň aýagy.

Atlaryň ýasalyşy we ýazuw düzgüni

Atlar asyl ýasaýjy goşulmalar arkaly atlardan, sypatlardan, sanlardan, işliklerden ýasalýarlar.

Atlaryň atlardan ýasalyşy

Atlardan at ýasaýan goşulmalar goşulan sözüniň öňki manysyny özgerdip, ondan täze manyly ady emele getirýär.

Meselem:
At Goşulma Täze manyly at
-çi işçi
bal -çy balçy

Bu goşulmalar esasan, şulardyr:

Goşulmalar Mysallar
-çy, -çi suwçy, kolhozçy
-ça ,-çe ýorgançy, temençe
-ly, -li agaly, şirli
-çylyk, -çilik, -çulyk, -çülik ilçilik
-ystan, -istan, -üstan özbekistan
-daş, -deş ýürekdeş, ýoldaş
-izm patriotizm
-kär, -gär gär, söwdagär
-hor süýthor, mugthor
-keş çilimkeş
-dar maldar, çarwadar

Atlaryň sypatlardan, sanlardan, çalyşmalardan we ses görkezýän sözlerden ýasalyşlary

Sypatlardan, sanlardan, çalyşmalardan atlaryň ýasalmagy üçin, esasan, -lyk, -lik, -luk, -lük goşulmalary hyzmat edýär.

Söz hili Mysallar
Sypat aklyk, körlük
San bäşlik, onluk
Çalyşma menlik, olluk
Ses görkezýän söz pasyrdy, güpürdi, wyzzyldy, iňňildi, horruldy

Atlaryň işliklerden ýasalyşlary

Asyl ýasaýjy goşulmalar arkaly işliklerden örän köp atlar ýasalýarlar.

Meselem:
Işlik Goşulma Täze manyly at
al gy algy
ber gi bergi
ýaz uw ýazuw
ýaz yjy ýazyjy
sözle ýji sözleýji
ak ym akym
gaz yk gazyk
gör göreç
ýan gyç ýangyç
ýan gyn ýangyn
gal yndy galyndy
çyk dajy çykdajy
şarla wuk şarlawuk
ar açar
dam ja damja
al myt almyt

Atlaryň san goşulmalary bilen üýtgeýşi

Atlar sözlemde we söz düzüminde özleriniň bir zada degişlidigini bildirmek ýa biri-birleri bilen baglanyşmak üçin söz üýtgediji goşulmalar bilen üýtgeýärler. Atlar san, ýöňkeme we düşüm bilen üýtgäp bilýärler.

Atlar birlik we köplük sanda bolýar. Diňe ýekelikdäki predmetleri aňladýanlara atlaryň birlik sany diýilýär.

galam, kitap, surat.

Atlaryň birlik sanynyň yzlaryna -lar, -ler goşulmasy goşulyp, köplük san aňladýarlar.

kitap+lar, surat+lar, depder+ler.

Gepleşikde -lar, -ler, goşulmasy goşulyp, köplügi aňlatmaýan ýerleri hem bar.

Billerim döwlüp barýar. Kellelerim agyrýar ýa-da jigimi Durdylarda goýdum.

Jübüt predmetleriň atlaryny aňladýan el, gaş, göz, gulak, aýak, dodak, ýaňak, köwüş, jorap, ellik ýaly sözleriň yzyna -lar, -ler goşulmasy goşulmaýar. Ýöne olaryň haýsy-da bolsa birini aňlatmak üçin olaryň öňündäki aýyklaýjy söz getirilýär.

"Çep gözüm çekýär", "Akyl dişim çykdy".

Atlaryň san goşulmasynyň ýazuw düzgüni

Atlaryň san goşulmasy goşulan sözüniň inçe-ýogynlylygyna hemişe eýerýär. Emma onuň goşulýan ady garyşyk bogunly bolsa, onda ol sözüň soňky bognuna eýerýär.

işçi+ler, pioner+ler.

Guzy, süri ýaly birinji bogny dodak çekimli bolup, ikinji bogny y, i seslerine gutaran sözlere -lar, -ler goşulanda, ikinji bogny dodaklandyrylyp ýazylýar.

Meselem:
Birliigi Goşulma Köplügi
süri -ler sürüler
guzy -lar guzular

Soňy ý harpyna gutaran alynma atlara san goşulmasy goşulanda, adyň soňundaky bu harplar düşürilip ýazylýar.

wožatyý - wožatylar.

Atlaryň ýöňkeme bilen üýtgeýşi

Ýöňkeme goşulmalary many taýyndan zadyň üç şahsa: maňa, saňa, oňa, köplükde bize, size, olara degişlidigini görkezýärler, ýagny zadyň birinji şahsa-sözleýjä, ikinji şahsa-diňleýjä, üçünji şahsa-gürrüňe gatnaşmaýana degişlidigini görkezýär.

Atlaryň ýöňkeme goşulmalary

Ýöňkemeler Birligi Köplügi
Menlik -ym, -im, -um, -üm, -m. -ymyz, -imiz, -umyz, -ümiz, -myz, -miz.
Senlik -yň, -iň, -uň, -üň, -ň. -yňyz, -iňiz, -uňyz, -üniz, -ňyz, -ňiz.
Onluk -y, -i, -sy, -si. -y, -i, -sy, -si.
Ýöňkemeler Mysallar
Birligi:
Menlik daýym narym elim öýüm goşum
Senlik daýyň naryň eliň öýüň goşuň
Onluk daýysy nary eli öýi goşy
Köplügi:
Menlik daýymyz narymyz elimiz öýümiz goşumyz
Senlik daýyňyz naryňyz eliňiz öýüňiz goşuňyz
Onluk daýysy nary eli öýi goşy

Ýöňkeme goşulmalarynyň degişliligi görkezişi

  1. Bir predmetiň bir adama degişlidigini görkezýänler.

    Meniň galamym, goşum.

  2. Köp predmetiň bir adama degişlidigini görkezýänler.

    Meniň depderlerim, guşlarym.

  3. Bir predmetiň köpçülige degişlidigini görkezýänler.

    Biziň kitabymyz, depderimiz.

  4. Köp predmetiň köpçülige degişlidigini aňladýanlar.

    biziň kitaplarymyz, depderlerimiz.

Ýöňkeme goşulmalarynyň ýazuw düzgüni

  1. Ýöňkeme goşulmalary sözleriň inçelik-ýogynlyklaryna doly eýerýärler.

    kitabym, şägirdim.

  2. Menlik ýöňkemaniň -um, -üm, -umyz, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -uň, -üň, -uňyz, -üňiz goşulmalary dodak çekimlisi bolan bir bogunly, çekimsiz sese gutarýan atlara goşulýar.

    Meselem:
    Ýöňkeme Birligi Köplügi
    Menlik sözüm, golum, goşum, gülüm sözümiz, golumyz, goşumyz, gülümiz
    Senlik sözüň, goluň, goşuň, gülüň sözüňiz, goluňyz, goşuňyz, gülüňiz
  3. Menlik ýöňkemäniň -ym, -im, -ymyz, -imiz, senlik ýöňkemäniň -yň, -in, -yňyz, -iňiz goşulmalary köp bogunly we dodak çekimlisi bolmadyk bir bogunly, çekimsiz sese gutarýan atlara goşulýar.

    Meselem:
    Ýöňkeme Birligi Köplügi
    Menlik depderim, galamym, saçym, elim depderimiz, galamymyz, saçymyz, elimiz
    Senlik depderiň, galamyň, saçyň, eliň depderiňiz, galamyňyz, saçyňyz, eliňiz
  4. Soňy e sesi bilen gutaran atlara ýöňkeme goşulmasy goşulsa, menlik we senlik ýöňkemeleriň birliginde we köplüginde e sesi ä sesine öwrülýär.

    Meselem: penjire, desse, çüýşe, göle
    Ýöňkeme Birligi Köplügi
    Menlik penjiräm, dessäm, çüýşäm, göläm penjirämiz, dessämiz, çüýşämiz, gölämiz
    Senlik penjiräň, dessäň, çüýşäň, göläň penjiräňiz, dessäňiz, çüýşäňiz, göläňiz

    Ene, eje ýaly maşgala gatnaşygyny görkezýän atlar bu düzgünden çykýarlar.

  5. Ýöňkeme goşulmalarynda u, ü harplary ikinji bogunlarda ýazylýarlar.

    gülüm, gözümiz, otuňyz.

  6. Uly, goşgy, guzy, uky, süri, göni ýaly sözler y, i sesleriniň uzyn aýdylýandygy üçin birinji we ikinji ýöňkemelerde dodaklandyrylmaýar.

    Üçünji ýöňkemede gysga aýdylýandygy üçin dodaklandyrylýar.

    ukusy, gönüsi, sürüsi we ş. m.

    Çekimsiz ses bilen gutaran atlara ýöňkeme goşulmalary goşulanda, gepleşikde düşürilip geplenýär.

    öýme, galammyz we ş. m.

    Şeýle bolsa hem ýazuwda bular düşürilmän ýazylýar.

    öýüme, galamymyz we ş. m.

  7. Soňy z, l, n, r, s, ş seslerine gutaran iki bogunly asyl, ýasama atlaryň yzyna çekimli ses bilen başlanýan ýöňkeme goşulmalary goşulanda, olaryň ikinji bognundaky dar çekimliler düşürilip ýazylýar.

    nagşym, deňzi, söwşüň we ş. m.

  8. Yzlary k, p, t, ç dymyk seslerine gutaran atlara ýöňkeme goşulmalary goşulanda, dymyk sesler degişli açyk seslerine öwrülýärler.

    agaç-agajyň, balyk-balygy we ş. m.

Atlaryň düşüm bilen üýtgeýişleri

Atlaryň düşüm bilen üýtgeýşinde sözlemiň pikir aňlatmagy üçin ony hasyl edýän sözleriň özara pugta baglanyşmagy gerek. Sözlemde sözleriň şeýle baglanyşygyny bolsa, esasan, düşüm goşulmalary ýerine ýetirýärler.

Türkmen dilinde alty sany düşüm bar. Olar özleriniň hyzmatlary we formalary taýyndan biri-birinden tapawutlydyrlar. Her bir düşümiň aýratyn goşulmalary we degişli soraglary bar.

Düşümleriň atlary Düşümleriň soraglary
Baş düşüm Kim? Näme? Nire?
Eýelik düşüm Kimiň? Nämäniň? Niräniň?
Ýöneliş düşüm Kime? Nämä? Nirä?
Ýeňiş düşüm Kimi? Nämäni? Niräni?
Wagt-orun düşüm Kimde? Nämede? Nirede?
Çykyş düşüm Kimden? Nämeden? Nireden?
Meselem:
Düşümleriň atlary Mysallar
Baş düşüm Gözel depder Arçman
Eýelik düşüm Gözeliň depderiň Arçmanyň
Ýöneliş düşüm Gözele depdere Arçmana
Ýeňiş düşüm Gözeli depderi Arçmany
Wagt-orun düşüm Gözelde depderde Arçmanda
Çykyş düşüm Gözelden depderden Arçmandan

Düşüm bilen üýtgeýän atlaryň ýazuw düzgüni

Çekimsiz sese gutarýan atlaryň düşüm bilen üýtgeýişleri

Düşümleriň atlary Düşümleriň goşulmalary Mysallar
Baş düşüm - bag, kelem, ot, gül
Eýelik düşüm -yň, -iň, -uň, -üň bagyň, kelemiň, otuň, gülüň
Ýöneliş düşüm -a, -e baga, keleme, ota, güle
Ýeňiş düşüm -y, -i bagy, kelemi, oty, güli
Wagt-orun düşüm -da, -de bagda, kelemde, otda, gülde
Çykyş düşüm -dan, -den bagdan, kelemden, otdan, gülden
  1. Içinde dodak çekimlisi bolan, çekimsiz sese gutarýan bir bogunly atlara eýelik düşümde -uň, -üň goşulmasy goşulýar.

    guş-guşuň, gül-gülüň, ot-otuň, öý-oýüň.

  2. Dymyk ç, k, p, t seslerine gutarýan köp bogunly atlaryň soňundaky ç, k, p, t sesleri eýelik, ýöneliş, ýeňiş düşümlerinde j, g, b, d seslerine owrülýärler.

    agaç - agajyň, agaja, agajy.

  3. Çekimlisi gysga aýdylýan bir bogunly atlaryň soňundaky ç, k, p, t sesleri eýelik, ýöneliş, ýeňiş düşümlerinde j, g, b, d seslerine öwrülmeýärler, çekimlisi uzyn aýdylýan atlarda bolsa olar j, g, b, d seslerine öwrülýärler.

    Meselem:
    Baş düşüm Eýelik düşüm Ýöneliş düşüm Ýeňiş düşüm
    saç saçyň saça saçy
    gap gabyň gaba gaby

Çekimli sese gutarýan atlaryň düşüm bilen üýtgeýişleri

Düşümleriň atlary Düşümleriň goşulmalary Mysallar
Baş düşüm - mata, göle, atasy, jigisi
Eýelik düşüm -nyň, -niň matanyň, göläniň, atasynyň, jigisiniň
Ýöneliş düşüm -a, -e(ä), -na, -ne mata, gölä, atasyna, jigisine
Ýeňiş düşüm -ny, -ni matany, göläni, atasyny, jigisni
Wagt-orun düşüm -da, -de, -nda, -nde matada, gölede, atasynda, jigisinde
Çykyş düşüm -dan, -den, -ndan, -nden matadan, göleden, atasyndan, jigisinden
  1. y we i çekimlilerine gutarýan asyl atlaryň soňundaky y, i ýöneliş düşümde a, ä çekimlilerine öwrülýärler.

    gapy - gapa, deri - derä.

  2. Iki bogunly asyl atlaryň birinji bognunda dodak çekimli bolsa, onda olaryň ikinji bognundaky y, i wagt-orun we çykyş düşümlerde u, ü dodak çekimlilerine öwrülýärler.

    Meselem:
    Baş düşüm Wagt-orun düşüm Çykyş düşüm
    goşgy goşguda goşgudan
    süri sürüde sürüden
    soky sokuda sokudan
    böri börüde börüden
  3. Birinji bogunda dodak çekimlisi bolan onluk ýöňkemedäki iki bogunly atlaryň soňky çekimlisi baş düşümden beýleki düşümlerde dodaklandyrylýar.

    Meselem:
    Baş düşüm Eýelik düşüm Ýöneliş düşüm Ýeňiş düşüm Wagt-orun düşüm Çykyş düşüm
    ogly oglunyň ogluna ogluny oglunda oglundan
    gözi gözüniň gözüne gözüni gözünde gözünden
  4. Soňlary e çekimlisine gutarýan atlar eýelik, ýöneliş we ýeňiş düşümler bilen üýtgände, şol e sesi ä sesine öwrülýär.

    Meselem:
    Baş düşüm Eýelik düşüm Ýöneliş düşüm Ýeňiş düşüm
    käse käsäniň käsä käsäni
    keçe keçäniň keçä keçäni

Sözlemi hasyl edýän sözler özara baglanyşmak, ylalaşmak üçin söz üýtgediji goşulmalary, ýagny san, ýöňkeme, düşüm goşulmalaryny kabul edýärler. Atlar ilki san goşulmasyny (kitap+lar), soňra ýöňkeme goşulmasyny (kitap+lar+ymyz), ahyrda hem düşüm goşulmasyny (kitap+lar+ymyz+yň) kabul edýärler.

Meselem:
Düşüm\Ýöňkeme Menlik Senlik Onluk
Birligi Köplügi Birligi Köplügi Birligi we köplügi
Baş düşüm kitabym kitabymyz kitabyň kitabyňyz kitaby
Eýelik düşüm kitabymyň kitabymyzyň kitabyňyň kitabyňyzyň kitabynyň
Ýöneliş düşüm kitabyma kitabymyza kitabyňa kitabyňyza kitabyna
Ýeňiş düşüm kitabymy kitabymyzy kitabyňy kitabyňyzy kitabyny
Wagt-orun düşüm kitabymda kitabymyzda kitabyňda kitabyňyzda kitabynda
Çykyş düşüm kitabymdan kitabymyzdan kitabyňdan kitabyňyzdan kitabyndan