Külbike bilen süýem barmagyň ýa-da başam barmak bilen süýem barmagyň gerlen aralygy we şoňa barabar bolan uzynlyk ölçegi.
Onuň içki geýiminiň gonjunyň agzyndaky bir sere bejergisi görünýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Boýy bir sere, sakgaly iki sere. («Mydam taýýar» gazeti)
Gowy, saý, baş.
Olar altyny gyzlaryň seresi diýip hasaplaýardylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Gaýtalamak okuwyň seresidir diýlip ýöne ýerden aýdylmaýar. («Pioner» žurnaly)