ekerançylyk e‧ke‧ran‧çy‧lyk

  1. Oba hojalyk ösümlikleri ekilen ýerler.

    • Biz Baýramalynyň ekerançylygyna aýak basdyk. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ekerançylygyň daş-töweregine gapan gurup möjek awlaýar. (N. Pomma, Egri eýikmez)

    • Gije-gündizini hemişe ekerançylygyň içinde geçirýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ol ýap ekerançylygyň üstünden indi. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  2. Oba hojalyk ösümliklerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýeri bejeriş, ýer işleri bilen meşgul bolmaklyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ekerançylyk - ekerançylygy.


Duş gelýän formalary
  • ekerançylyga
  • ekerançylygy
  • ekerançylygy-da
  • ekerançylygymyzyň
  • ekerançylygyna
  • ekerançylygynda
  • ekerançylygyndan
  • ekerançylygyny
  • ekerançylygynyň
  • ekerançylygyň
  • ekerançylygyňda
  • ekerançylygyňkymy
  • ekerançylyk-da
  • ekerançylykda
  • ekerançylykdaky
  • ekerançylykdan
  • ekerançylykdy
  • ekerançylykdygyny
  • ekerançylykdyr
  • ekerançylyklar
  • ekerançylykly