ekilmek işlik

Ýere tohum sepilmek, agaç oturdylmak.

  • Onuň kakasy ýatymlyk gidip, dag içiniň amatly ýerlerinde ekilen düme arpalary orýardy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  • Olar howla çykdylar, hatar ekilen sosnalaryň arasynda gezmäge başladylar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

ekilmedik ýerde gögermek

Çagyrylmadyk ýere barmak, islenmeýän ýerde görünmek; gürrüňe ýerliksiz goşulmak.

  • Hemişe ekilmedik ýerde gögerip ýör. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Şol wagtda ekilmedik ýerde gögerýän Aýtak, niredendir bir ýerden gelip, gürrüňe goşulmakçy boldy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  • Ekilmedik ýerde gögeren gyzgandan dynmak üçin, ussa indi nätmelidi?! Aýtagyň ýeňsesinden südürläýmese, öz ýakasyndan el çekjek gümany ýokdy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  • Bu gedaý näme üçin ekilmedik ýerde gögerýär. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)