Dogumlanmak, özüňi tijemek, tijenmek; batlanmak, güýçlenmek.
Ol birneme ekezlendi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Indi olaryň sesleri ekezlenip, hatda şatlykly çykýardy. (M. Gorkiý, Ene)
Ol has hem ekezlendi we gürrüňiniň arasynda «ähem» edip ardynjyrady. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)