ekin-tikin

Ekerançylyk işleri; ekilen zatlar.

  • Kolhozçylar üýşüp, ekin-tikin hakda gürleşip otyrdylar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Men indi ekin-tikinimden başga işe goşuljak däl! -- diýdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Kolhozçylar ekin-tikinlerini ýygnap, gyşda göçüp gaýtsalar-da, Myrat aga agtyklaryny, kempirini oba iberip, özi şu jülgede galýar. (N. Pomma, Egri Eýikmez)