Programmalar

Mozilla Firefox üçin türkmen diliniň orfografik sözlügi

Mozilla Firefox mugt we çeşmesi açyk internet gezijisidir. Ol Windows, OS X we Linux platformalary üçin Mozilla guramasynyň ýolbaşçylygynda şu günki we geljekki web standartlaryny goldamak maksady bilen öndürilýär.

Firefox dürli goşmaça funksiýalary we dilleri goldaýar. Biziň taýýarlan orfografik sözlügimizi Firefox Add-ons sahypasyndan indirip hem gurnap bilersiň.

Indir

Işleýşi

Goşmaça sözlügi gurnanyňdan soň, diller menýusynda Türkmen dilini saýlamak mümkinçiligi döreýär.

Tekst ýazylýan formada sag düwmäni basanyňda çykýan menýuda Türkmen dilini saýlanyňdan soň, ýazylan tekst orfografik sözlügiň kömegi bilen barlanylýar, ýalňyş ýazylan sözleriň aşagy gyzyl çyzyk bilen çyzylýar we olaryň üstüne basanyňda sözlüge görä sözüň dogry ýazylyşy hödürlenýär.

Bu sözlügiň birinji goýberilişi we şol sebäpden kemçikleri bar; goşulmalaryň ähli görnüşleri heniz girizilmedik.