haýbatly sypat

  1. Daş görnüşi boýunça gözi dokundyrýan, oňat täsir galdyrýan, haýbatlak.

    • Şu obanyň ortasynda haýbatly beýik gala magallaklaýardy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  2. Dogumly, batly.

    • Ol haýbatly geplemesini ýuwaşatdy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  3. Uly sarsgynly, güýçli.

    • Haýbatly gümmürdi boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)