haýdamak işlik

  1. Çalasyn hereket etmek, çalt gitmek, çalt iş etmek, depgini güýçlendirmek.

    • Ol Dürnabadyň haýdaýan ellerine ýene syn edip durdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

    • Haýdaň, oglanlar, agşama çenli gutaralyň! («Mydam Taýýar» gazýeti)

    • Ýatmaň, ýapyşyň işe, işe haýdamak gerek. (B. Seýtäkow, Moskwanyň Ýalkymy)

  2. Çalt sürmek, gyssagly kowup alyp gitmek.

  3. Howlukmaç ýöräp gitmek, ylgap gitmek, çalt ýöremek.

    • Halnazaryňka bakan haýdap barýan Umsagül hem gygyryp geçdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Garly ussa hem ýoluň gönüsi bilen öz öýüne baka haýdady. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)

  4. Kowup goýbermek, kowmak.

    • Men seni şu wagtyň özünde ýeňsäňden itip haýdajak. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)