haýbatlak

Daş görnüşinde haýbaty bar bolan, epeý görnüşli, haýbatly.

  • Haýbatlak murtly daýaw bir adam elini gysdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem haýbatlak - haýbatlagy.