haýasyzlyk at

[haýa:syzlyk]

Utançsyzlyk, şermendelik, bihaýalyk, masgaralyk.

  • Ýene haýasyzlyk edip, ýalaňaç gezýärsiň -- diýip gygyrdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Jahanyň guraklygy seniň ýaly bozgaklaryň haýasyzlaryň köpelmegi zerarly dälmi?! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem haýasyzlyk - haýasyzlygy.