haýdaşmak haý‧daş‧mak işlik

  1. Çalt hereket, depgin bilen işleşip ýörmek.

    • Beýleki ýygymçylar bolsa, munuň at gaýtarym öňünde haýdaşyp pagta ýygýarlar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Haýdap äkitmäge kömekleşmek, çalt sürüp äkidişmek, sürüşmek (mal hakda).

  3. Gyssagly, howlugyşyp barmak.

    • Gyş geýimli okuwçylar mekdebe ýetmäge has howlugýan ýaly, haýdaşyp gelýärdiler. («Pioner» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • haýdaşmak
  • haýdaşyp