Çalasyn hereket etdirmek, çalt işletmek, depgini güýçlendirmek.
Çalt sürdürmek, gyssap kowdurmak, äkitdirmek.
Kowduryp goýbertmek, kowdurmak, çykartmak, boşatdyrmak.
Men ony häziriň özünde gullukdan haýdadyp, işini suda geçireýin. Hany göreli, ondan soň nähili heňden gopýarka! ? (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem haýdatmak - haýdadýar, haýdadar, haýdadypdyr.