haýbat at

Birine ýa-da bir zada edilýän abaý-syýasat.

  • Meniň düýämi sürer sen, Maňa haýbatyň urar sen, Indi ne baryn görer sen, Şu käriňi goýgun indi. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Şolar ýalyň haýbatyndan gorkup, meniň bagtymy garaltjak bolsaň, eliň bilenjik öldüräý! -- diýdim. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

haýbat atmak

Dazarylyp birini gorkuzjak bolmak, abaý etmek.

  • Maňa ýazan hatlaryňa-da jogap bererin! -- diýip, ýalandan haýbat atdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • haýbata
  • haýbatam
  • haýbatdan
  • haýbatlar
  • haýbatlara
  • haýbatlardan
  • haýbatlary
  • haýbatlaryna
  • haýbatlaryndan
  • haýbatlaryny
  • haýbatlarynyň
  • haýbatlaryň
  • haýbatlaryňyzda
  • haýbatly
  • haýbatlydy
  • haýbatlylyk
  • haýbaty
  • haýbatyna
  • haýbatyndan
  • haýbatyny
  • haýbatynyň
  • haýbatyň
  • haýbatyňdan
  • haýbatyňy