ýygjamlatmak ýyg‧jam‧lat‧mak işlik

  1. Arasyny ýakynlatmak, arasyny golaýlatmak.

    • Meleguş Halnazary tanap, ysyrganjak, hokranjak ýaly etdi, aýaklaryny ýygjamladyp, ýeňsesini tüňňertdi, oňa bakan meýil etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Ýygy-ýygydan etmek, çaltlaşdyrmak, tizleşdirmek.

    • Artyk hereketini ýygjamladanda, bugdaýdan gyzgylt tozan turdy. Esenaly dişi giden agzynyň gäwüşini ýygjamladyp, wäşilige saldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýygjamlatmak - ýygjamladýar, ýygjamladar, ýygjamladypdyr.


Duş gelýän formalary
  • ýygjamladanda
  • ýygjamladansoň
  • ýygjamladyp
  • ýygjamladypdy
  • ýygjamladýar
  • ýygjamlatdy
  • ýygjamlatdygy
  • ýygjamlatmagyny
  • ýygjamlatmasy
  • ýygjamlatsak