ýygmak işlik

  1. Hasylyny almak, hasylyny ýygnamak, tirmek.

    • Kolhozçylaryň ýygyp üýşüren gawunlary, garpyzlary her ýerde küde bolup ýatyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Annagulularyň kolhozynda pagtanyň ilki ýüzüni ýaňy ýygmaga başlapdylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Orup ýygnamak, ormak.

    • Goja ýowşan ýygyp ýörkä, ileri tarapdan biri ak, biri gara, iki sany tüweleý gelýär. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

    • Üç sany gyz meýdana ýuwa, kömelek we şulara meňzeş zatlar ýygmaga gidipdirler. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

agzyňy ýygmak

seret agyz