ýygnamak işlik

  1. Hasylyny ýygyp almak, hasylyny toplamak.

    • Häzir bugdaý ýygnaýarys. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

    • Gök ekin hasylyny ýygnamaga okuwçylary mobilizlediler.

  2. Gizläp goýmak, ýygşyrmak.

    • Me, muny öňki ýerinde ýygna-da goý! (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  3. Bir ýere jemlemek, bir ýere üýşürmek, toplamak.

    • Ol tire başlyklaryny ýygnap, her kimden soraşdyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Ýygym almak, ýygymy alyp toplamak.

    • Hawa, men Eziz hanyň atlylary üçin hüşür-zekat ýygnaýan. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Belki, çemçeläp ýygnanymy susaklap dökmeli bolar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Oba hojalyk salgydyny doly ýygnadyk.

  5. Hossarlyk edip idetmek, eklemek, seretmek maksady bilen öz ýanyňa almak, alyp göz -- gulak bolmak.

    • Atamyň uly agasy bizi ýygnady ýanyna. (A. Nyýazow, Şygyrlar)