ýygnak

Bir meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin guramanyň çlenleriniň ýygnanyşygy.

  • Biz ýaňy partbýuro bilen kolhoz prawleniýesiniň birleşen ýygnagyny gutaryp gaýtdyk. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Ýygnak açyk meýdanda geçýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Annagulynyň gelenine on-on iki gün geçenden soň, kolhozyň umumy ýygnagy boldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýygnak - ýygnagy.

ýygnak ýönekeý sözlem

Grammatik termin Diňe eýe bilen habardan düzülen sözlem.

  • Eýe bilen habardan düzülen sözleme ýygnak ýönekeý sözlem diýilýär.