Türkmen diliniň sözlük sostawyndaky sözler esasan inçe-ýogynlyk taýdan sazlaşyp gelýärler, ýagny sözüň ilki bognundaky çekimli ses inçe bolsa, ol sözüň soňky bogunlarynyň çekimlileriniň hemmesi-de inçe, meselem, jö-wen (jöwen); eger sözüň ilki bognunyň çekimlisi ýogyn bolsa, ol sözüň soňky bogunlaryndaky çekimlileriniň hemmesi hem ýogyn bolup gelýär, meselem, o-ba (oba). Ine muňa bolsa çekimli sesleriň ýogynlyk-inçelik taýdan sazlaşygy diýilýär. Bu sazlaşyk düýp sözlere goşulýan goşulmalarda-da köplenç ýagdaýlarda saklanýar.
iş-çi-ler-iň-ki (işçileriňki), kolhoz-çy-lar (kolhozçylar).
Türkmen diliniň sözlük sostawyna dürli wagtlarda başga dillerden bir topar sözler giripdir. Olaryň köpüsi wagtyň geçmegi bilen özleriniň asyl çeşmesinden daşlaşyp, türkmen diliniň içki ösüş kanunlary esasynda birnäçe üýtgeşmelere sezewar bolupdyrlar, türkmen diline has bolan sesleriň ýogynlyk-inçelik taýdan sazlaşmak düzgünine-de doly suratda tabyn bolupdyrlar. Şunuň bilen birlikde, başga dillerden türkmen diliniň sözlük sostawyna geçen ençeme sözleriň bu düzgünden, ýagny sesleriň ýogynlyk-inçelik taýdan sazlaşmak düzgüninden çykýandygyny hem aýtmak gerek. Beýle sözler bolsa esasan arap, eýran dillerinden we rus diliniň sözlük sostawyndan geçen sözlerdir.
Eýran dillerinden geçen sözlere birnäçe mysal: eýwan, diwar, kärhana, mähriban, merdana we başgalar.
Arap dilinden geçen sözlere käbir mysal: esas, emma, kitap, meşgul, jemagat, edebiýat, metbugat, tebigat we başgalar.
Rus diliniň sözlük sostawyndan geçen rus we gaýry dilleriň sözlerine mysal: admiral, radio, telefon, teplowoz, pianino we başgalar.
Ýokardakylardan başga-da söz ýasaýjy goşulmalaryň birnäçesi ýogynlyk-inçelik taýdan sazlaşmak düzgünine boýun egmeýärler, ýagny olar goşulan sözleriniň ýogyn-inçeligi bilen ylalaşman, hemme söze bir meňzeş görnüşde goşulýarlar.
Az sanly şeýle goşulmalaryň sazlaşmazlygyna garamazdan, türkmen dilindäki beýleki ähli goşulmalar goşulýan sözüniň inçe-ýogynlygyna eýerip goşulýarlar, ýagny goşulýan sözleriniň çekimlisi inçe bolsa, inçe çekimlili, goşulýan sözleriniň çekimlisi ýogyn bolsa hem, ýogyn çekimlili goşulma goşulýar. Goşulmalaryň goşulýan sözleri garyşyk çekimlili bolanda bolsa, olaryň soňky bogunlaryndaky gelen çekimli sese eýerdilip, degişli affiksler goşulýar. Olaryň soňky bognunyň çekimlisi inçe bolsa, inçe çekimlili, ýogyn bolsa hem, ýogyn çekimlili goşulma goşulýar. Diýmek, türkmen diliniň orfografik kadalary öwrenilen-de, palatal singarmonizm kadasynyň-da göz öňünde tutulmagy uly ähmiýete eýe bolýar.