Türkmen dili

Baş harplaryň ýazylýan ýerleri

Has atlaryň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar. Bu kada, esasan aşakdaky ýalydyr.

  1. Adam atlarynyň, familiýalarynyň we adynyň deregine ulanylýan lakamlarynyň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.

    Aman, Gurbanow, Annageldi, Çaryýew, Zelili, Mätäji, Pyragy.

    Şu hili atlar we lakamlar tirkeşdirilip ulanylanda, olaryň aralaryna defis goýulmaýar.

    Magtymguly Pyragy, Seýitnazar Seýdi, Mämmetweli Kemine.

  2. Haýwanlara dakylýan atlaryň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.

    Akbaý, Akbilek, Garagör, Sakar, Gyrat

  3. Geografik atlaryň, meýdançalaryň, köçeleriň atlarynyň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.

    Mary oblasty, Aşgabat şäheri, Köpetdag, Murgap derýasy, Baýkal köli, Azatlyk meýdançasy, Köşi obasy, Fransiýa, Çeleken ýarym adasy.

    Söz ýasaýjy goşulmalary kabul edip, has atlyk manysyny ýitiren sözler setir harpy bilen ýazylýar.

    aşgabatly, köşüli, garagumly, marksism.

    Soňuna -syz, -siz, -daky, -däki goşulmalary goşulan has atlar bu bellige girmeýär, olaryň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.

    Aşgatabatdaky mekdep; Meretdäki kitap; Sen Gözelsiz gezelenje gitme.

  4. Planetalaryň, asman jisimleriniň atlarynyň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.

    Ýer, Aý, Gün, Mars, Ýedigen, Demirgazyk ýyldyzy.

  5. Baýramlaryň we belli taryhy wakalaryň adyny bildirýän sözleriň birinji sözüniň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.

    Täze ýyl, Birinji maý.

    Eger-de şeýle atlaryň düzümindäki tertip sanlar sifr bilen berilse, onuň yzyndaky sözüniň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.

    8-nji Mart, 9-njy Maý.

  6. Käbir halkara guramalarynyň adyny aňladýan sözleriň (kömekçi sözlerden başgasynyň) ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.

    Birleşen Milletler Guramasy, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti.

  7. Sözlemleriň birinji sözüniň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.

  8. Goşgularyň her setiriniň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.

    Käwagtlar goşguda sözlem düzülişiniň aýratynlygyna garap bu düzgünden çykmalar hem bolup biler.

  9. Stilistik maksatlar bilen baglylykda Watan, Azatlyk, Siz ýaly sözler baş harplar bilen-de ýazylyp bilner.