Bilelikde gülmek, köpçülik bolup gülmek.
Şeýlelikde, degişmek, gülüşmek ýaly gyzykly gürrüňçilik başlanýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Muhadyň bu sözüne gyzlaryň birnäçesi hykyrdaşyp gülüşdiler. (H. Ysmaýylow, Powestler)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem gülüşmek - gülşer, gülşüpdir.