gülzarlyk

[gülza:rlyk]

Bag-bakjalyk, çemenlik, lälezarlyk.

  • Bir çemenlik, gülzarlyk ýerde düşledi. («Görogly» eposy)

  • Göwün galkyp, gülzarlykda gül açýar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gülzarlyk - gülzarlygy.