[dö:nmek]
Bir tarapyňdan beýleki tarapyňa öwrülmek, dolanmak, agdarylmak, düňderilmek.
Ol leňňeç ýaly derrew beýleligine döndi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Yzyna gaýtmak, yzyna öwrülmek.
Söweşden dönmerin, kasam içýärin. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Bir zada öwrülmek, bir zada meňzemek.
Ertekidäki dek belent çäç önýär, Gün düşende, ol çäç altyna dönýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem dönmek - döndüm, döndüň, dönüpdir.
seret baş 1
seret baş 1
Hawa, Maral jan, başyňa döneýin, aýtsana, ol nirede? (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň Gyzy)
seret buz
seret döwür
Döwür bize dönüpdi Syrly depäň teýinde. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
seret ýyl
Biziň bu sagadymyz edil bir ýyla döndi. (I. S. Turgenýew, Awçynyň hatlaryndan)