döwür

  1. Bir zadyň bolup geçýän, dowam edýän wagt aralygy.

    • Medisina ylmy trahoma keseliniň göze ýokuşanyndan tä gutulýança, dört döwürden ybarat bolýandygyny kesgitledi. (S. K. Karanow, Trahoma We Oňa Garşy Göreş)

    • Uruşdan soňky döwür.

  2. Zamana.

    • Biziň döwrümizde ylym azatdyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Bahar jan, indi döwür ylym döwri. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Kümüş Gapyrjak)

    • Döwrümize laýyk uly dabara, Görülmedik toý ederis biz onda. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  3. Wagt, çag, pursat.

    • Wepa özleriniň gözel ýaşlyk döwürlerini gözüniň öňüne getirdi we kagyza seretdi-de, uludan demini aldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Ol döwürden oba geçdi. («Tokmak» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem döwür - döwrüm, döwrüň, döwri.

babam döwri

Gadym wagt.

döwür dönmek

Döwran gelmek, döwran aýlanmak.