ýyl

On iki kalendar aýyndan ybarat wagt birligi.

  • Aradan iki ýyl geçdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Ýaňky kitabyň elime düşendigine şu ýyl dogry kyrk ýyl bolýar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

ýyl boýy

Ýylyň ähli dowamynda, bütin ýyl.

ýyl ýazuwy

Her ýylda alnyp barylýan taryhy wakalaryň ýazgysy.

ýyla dönmek

Köp wagta çekmek, uzak wagt dowam etmek.