dönük

[dö:nük]

  1. Öz watanyna, halkyna dönüklik eden, hyýanatçy, haýyn.

    • Mydam duşmanlaryň taryn tozdurdyň, Dönükleriň tutan ýolun bozdurdyň. (Durdy Gylyç, Goşgular)

    • Içigara içalyň kepän donun biçýäris, Hapa-çüýrük dönükleri ýok edýär meň Watanym. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Sözünde, ähtinde tapylmaýan, biwepa.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dönük - dönügi.