döndermek işlik

[dö:ndermek]

  1. Bir tarapyndan ikinji bir tarapyna öwürmek, agdarmak.

    • Sakçy suw tutulan pazyllaryň arasyndaky gawunlaryň käbirini çüýremezlik üçin dönderýärdi.

  2. Yzyna gaýtarmak, yzyna öwürmek, dolandyrmak.

    • Al bu tenden janymy, Berme maňa dönderip. (B. Kerbabaýew, Poemalar)

  3. Agzyny, ýokarsyny aşak edip goýmak, başaşak edip goýmak, düňdermek.

  4. Başga bir zat ýaly etmek, başga bir zada meňzetmek.

    • Adamlaryň demi içerini peçli tama dönderipdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  5. Boýun towlamak, ýüz öwürmek.

it alan sanaja döndermek

seret sanaç

  • Düýe ýaly pagtalary basalap ýörme-de, peliň üstünden ýöre -- diýip, Annagulyny it alan sanaça dönderdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ýüz döndermek

seret ýüz

  • Spartak Rimiň üstüne ýörüşden ýüz döndermeli bolupdyr. (Gadymy Dünýä Taryhy)


Duş gelýän formalary
  • dönderdi
  • dönderdiler
  • dönderdim
  • dönderdiň
  • dönderdiňiz
  • dönderen
  • dönderende
  • dönderendigi
  • dönderendigini
  • dönderendiklerini
  • döndereniň
  • dönderenligi
  • dönderenok
  • dönderer
  • döndererin
  • döndereris
  • döndererler
  • dönderip
  • dönderipdi
  • dönderipdir
  • dönderipdirler
  • dönderiň
  • döndermegi
  • döndermegini
  • döndermeginiň
  • döndermegiň
  • döndermek
  • döndermekligi
  • döndermeklik
  • döndermese-de
  • döndermesi
  • döndermez
  • döndermäge
  • döndermän
  • döndermäni
  • dönderse
  • döndersem
  • dönderseň
  • dönderýän
  • dönderýär
  • dönderýärdi
  • dönderýärdiler
  • dönderýärler