döl

  1. Erkeklik organlardan bölünip çykýan tohum, sperma, spermatozoid.

  2. Gawun-garpyz, hyýar, pomidor ýaly gaýtalap düwýän ekinleriň bir tapgyr düwüp, berýän hasyly.

    • Heniz dölüni sabytmadyk pomidorlaryň gök biýaralary gyşaryşyp ýatyrdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Zoologiýa Goýun, geçi ýaly ownuk dowarlaryň guzlamagy.

    • Nepes agany goýunlardan döl almaga iberdik. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  4. Göçme manyda Çaga, nesil, ogul.

    • Sen eger meniň dölüm bolsaň, maňa gulak as! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem döl - dölüm, dölüň.