adajyk

[a:dajyk]

  1. Kiçijik ada.

    • Gök salyp oturan bu adajygyň çar tarapyndan çäge süýşüp hüjüm edýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Ýuwaşja, çalaja.

    • Aýna, Babalyny adajyk ses bilen hüwdüledi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem adajyk - adajygy.