adalatsyzlyk a‧da‧lat‧syz‧lyk at

[ada:latsyzlyk]

Adalata garşy bolmaklyk, hakykata dogry gelmezlik.

  • Adalatsyzlyk dünýäsiniň zulumy-sütemi onuň bokurdagyndan bogýar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Olar bu adalatsyzlygy agyr suratda duýýarlar we başdan geçirýärler. (I. T. Ogordnikow, P. H. Şimbirýow, Pedagogika)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem adalatsyzlyk - adalatsyzlygy.


Duş gelýän formalary
  • adalatsyzlyga
  • adalatsyzlygy
  • adalatsyzlygyn
  • adalatsyzlygyna
  • adalatsyzlygyny
  • adalatsyzlygyň
  • adalatsyzlykda
  • adalatsyzlykdan
  • adalatsyzlykdygyny
  • adalatsyzlykdyr
  • adalatsyzlyklar
  • adalatsyzlyklardan
  • adalatsyzlyklaryň