ýumruklamak ýum‧ruk‧la‧mak işlik

Birini ýa-da bir zady ýumruk bilen urmak, ýumruk indermek, ýençmek.

  • Hi şeýle-de bir masgaraçylyk bolarmy? -- diýip, gyzyny ýumruklamaga başlady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ýerinden turup, ýene gapyny ýumruklady. Muny gören ýoldaşy Aýaza topuldy, ony ýumruklamaga başlady. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Dişini gyjap, gyzyny ýumruklamaga başlady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Annatuwak birdenkä ot ýapyşan ýaly gyzdy-da, stoly ýumruklady. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)


Duş gelýän formalary
  • ýumruklady
  • ýumrukladylar
  • ýumruklamaga
  • ýumruklamak
  • ýumruklamakdan
  • ýumruklan
  • ýumruklany
  • ýumruklap
  • ýumruklar
  • ýumruklary
  • ýumruklaryna
  • ýumruklaryny
  • ýumruklasana
  • ýumruklaýan
  • ýumruklaýaryn