Çiş görnüşinde togalagrak bolup durmak, ýumry bolmak, pökgermek.
Hakykatdan-da, injigiň iç ýüzünde bir zadyň ýumralyp durany göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ol aşaky dodagyny dişledi, çeýnedi, owurtlary ýumralan ýaly göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Onuň düwünleri ýumralan barmaklary näzik sapagy birsydyrgyn towlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Hatta taýlaryň-da göwüsleri, bulutlaryň iç ýüzleri çykyn-çykyn ýumralyp görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)