ýumry

Togalagrak görnüşde ýumralybrak duran zat, bir zadyň tümmeribräk galyp duran ýeri.

  • Gyzyň ýumru döşi, doly ýalaňaç baldyrlary tutulan torguş ýaly sandyraýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Şu baldyryň ýumry etleri nirede bekedi ahyryn. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Ýumry göwüs, ykjam däl, doly aýaklara gözi düşende, Nurjan özüni magnit öňünde duran ýaly syzýardy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem ýumry - ýumruda, ýumrular, ýumrusy.

ýumry ýuwutmak

Nähak ýerden iliň zadyny öz peýdaňa geçirmek, iliň hakyny iýmek.

  • Çepbe çeýnäp, ýumry ýuwudup, Sygyr ýaly sygnaýardy. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Ýumry ýuwudyp daýhanlaryň zadyny, Assa ýöräp artdyrdy badyny. (N. Pomma, Saýlana eserler)