ýumraltmak işlik

Çiş görnüşinde ýumralyp duran etmek, ýumry etmek, pökkertmek.

  • Kimler goltuklaryny ýumraldyp, kimler ululy-kiçili şaýlaryny şaňňyrdadyp, guwançly görnüşde dazyrdaşýardylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýumraltmak - ýumraldýar, ýumraldar, ýumraldypdyr.