Başa-baş ýa-da köpçülik bolup uruşmak, biri-biriňi ýumruk bilen urmak, ýençmek.
Şonuň ýaly ujypsyz zat üçin ýumruklaşjak bolýarmysyňyz?! (B. Kerbabaýew, Japbaklar)
Kapy ýumruklaşyp urşupdyr. (Ata Salyh, Dynç alyş Wagty)
Men-ä öz ömrümde ýumruklaşyp gören adam däl weli, hökümete garşy çozup bolsa, berdenke götermekden gaýra urjak däl. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)